Türk daşary syýasatyna syn 52

Türk Döwlet pelsepesi we şol pelsepäniň Türk daşary syýasatyna ýetirýän täsirini analiz etmekçi

Türk daşary syýasatyna syn 52

 

Türk daşary syýasaty soňky ýyllarda uly özgerlişikler başdan geçirildi we uly öňe gidişlik edildi. Bu etabyň binägari bolan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň bu meselede esasy güwänamalaryndan biri hem Türk Döwlet pelsepesi boldy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Türk Döwlet pelsepesi we şol pelsepäniň Türk daşary syýasatyna ýetirýän täsirini analiz etmekçi.

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Türk daşary syýasatyna daşardan seredýänler soňky ýyllarda uly öňe gidişlikleriň edilendigini görýär. Şübhesiz şol özgerlişikleriň we öňe gidişlikleriň arkasynda durýan esasy faktorlar bar. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň bu meselede esasy güwänamalaryndan biri hem Türk Döwlet pelsepesi boldy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Türk Döwlet pelsepesi we şol pelsepäniň Türk daşary syýasatyna ýetirýän täsirini analiz etmekçi.

Türkleriň başga milletler bilen deňeşdirilip bilinmejek derejede giň geografiýada höküm sürmekleri, dürli döwürlerde esasy güýç bolmaklary, taryhy geçmişi we häzirki ýagdaýy türkleriň döwlet pelsepesi meselesiniň seljerilmegini gün tertibine getirýär. Döwlet gurmak; ynsanlaryň bir ýerde ýaşamagy üçin zerur bolan esasy şertlerden biri hökmünde kabul edilýär. Ynsanlar jemgyýet hökmünde ýaşaýar, ähli ösüş mümkinçiliklerini şol jemgyýetiň içinde başdan geçirýär. Şünhesiz döwletleriň pelsepesi milletleriniň aňynda gizlenýär we şol garaýşda bolmadyklaryň şol pelsä göz ýetirmegi mümkin däl. Aň hem aňsatlyk bilen düşünilýän zat däldir. Oňa şol dildäki manylar, geografiýa, dini gymmatlyklar we däp-dessurlar girýär.

Taryhy etaba ser salanymyzda Türkleriň döwlet manysynda ulanan ilkinji sözü “il” sözüdir”. İl sözü; döwlet, ýurt,döwletiň kada kanunlary ýaly dürli manylary aňladýar. Kaşgarly Mahmudyň sözlüginde hem İl sözüniň parahatçylyk, barlyşyk manysynda ulanylandygy bilinýär.

Gadymy türkleriň ulanan il sözüniň ýerine türk dilinde, türkleriň musulmanlygy kabul etmegi bilen birlikde döwlet sözü alýar. Arap dilinde döwlet, “üýtgemek, bir gönüşden başga bir görnüşe geçmek”; üstün çykmak, ýeňiş gazanmak” manylaryny aňladýar.

Döwlet sözü günbatarly dillerde bolsa durmak, ýerleşmek manysyny aňladýar, latyn dilinde “status” sözünden emele gelýär state, etat ýaly sözler bilen beýan edilýär.

Gadymy grek dilinde iň ideal makul ýurt hökmünde hökmünde halkyň ekip biçýän ýerine çenli uzap gidýär ýurt görülýär. Şol döwürde türklerde bolsa “güneş baýdagymyz bolsun, al asman çadyrymyz” garaýşy höküm sürýär. Taryh adalgasyny durmuşyň ussasy hökmünde kabul eden Rimliler döwletlerini hem Roma Ajterna ýagny Ölümsiz Rim diýip wasp edipdirler. Türkler hem döwletlerini müdümi ýaşatjakdyklatyna ynanýandyklaryny üçin “ebedi döwlet, müdümi döwlet” hökmünde häsiýetlendiripdirler.

Döwlet bolmak üçin ilkinji nobatda fiziki güýjüň we legallyň bolmaly. Şol iki esasyň arasynda legallyk adalgasy diýseň möhüm. Legallyk güýjüň bir manyda dolandyrmak hukugynyň bardygyny görkezýär.

Legallaşdyrmalar dürli görnüşlerde amal edilýär. Şolardan biri hem henizem kod hökmünde dowam edip gelýän “gut” we “töre” adalgalarydyr. Yslamdan ozalky türki kowumyň ünsi çekýäň esasy özbolyşlygy törä bolan tabynlygy. Türklerdäki töre düşünjesi döwletden ilerde durýar we döwletiň güýjüniň çäklerini kesgitleýär. Özygtyýarlylygy çäklendirýän we legallygyny kesgitleýän şol töre düşünjesi hukuga bolan tabynlyk düşünjesiniň ruhydyr. “Gutly” we “töre” döwleti dolandyranlar bilen milletiň arasynda sosial ähtnama hökmünde-de kabul edilip bilner. Millet diňe gutly bolan we törä boýun synýan häkimiýetleri legal kabul edýär we oňa tabyn bolar. Gut taňry tarapyndan döwlet baştutanyna berilen dolandyryş ygtyýary, has dogursy wezipesidir. Türklerin yslamy ykrar etmegi bilen bilelikde törä bolan tabynlyk yslam hukugyna tabynlyk görnüşinde özgerýär. Türk döwlet pelsepesiniň esasy özboluşlyklaryndan biri hem uniwersal döwlet düşünjesidir. Uniwersal döwlet düşünjesine görä Dünýä älemiň merkezinde bolýan bolsa, türk ýurdy hem fizika taýdan dünýäniň merkezindedir.

Türk döwlet pelsepesini analiz eden esasy tekstlerden biri bolan Kutadgu Biligde hökümdaryň belli özboluşlyklary agzalyk geçilýär. Kutadgu Bilige laýyklykda hökümdaryň borçlaryny gysgaça beýan edenimizde: hökümdar halky dok we abat ýaşatmaga, degişli kanunlary çykaryp, düzgün-nyzamy üpjün etmekden, döwletiň dowamaty üçin degişli çäreleri görmekden jogapkär. Jemläp aýdanymyzda türk döwlet pelsepesinde häkimiýetiň özeni ylahy bolup, syýasy ulgam dünýewidir. Häkimiýet gut eýesi bolan döwlet baştutanynda jemlenýär, emma şol häkimiýet töre bilen çäklendirilýär. Şu beýan edilenlerden ugur alyp, türk döwleti nusgawy dünýä döwleti hökmünde göz öňünde tutulypdyr.

Milletleriň döwlet pelsepesi analiz edilýärkä üns berilmeli beýleki bir husus bolsa “beýleki” düşünjesidir. Dürlü jemgyýetlerde özünden bolmadygy çetleşdirýän düşünjeler bardyr. Mysal üçin rimli däl bolsaňyz “barbar”, arap bolmasaňyz “ajam” hökmünde häsýetlendirilýärsiňiz. Türklerde şeýle kowuma esaslanýan çetleşdirme ýok. Türk adynyň manylaryndan biri hem “töreli” diýmek. Şol jähtden türk bolmagyň şerti töräni berjaý etmekdir. Töräni berjaý edýän adam türkdir.

Şu jähtden ugur alyp Erdoganyň daşary syýasat amallaryny analiz edenimizde özene we däp-dessura dolanyp gelinýändigini görmek bolýar. İne şonuň üçin hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň alyp barýan daşary syýasaty türk döwlet pelsepesine bap gelýär we oňa goşulýan ajaýyp goşantdyr.

 



Degişli Habarlar