Türk-Amerikan Gatnaşyklarynyň Ugry Nirä?

Hepdäniň Syny 01

Türk-Amerikan Gatnaşyklarynyň Ugry Nirä?

 

Türk-Amerikan Gatnaşyklarynyň Ugry Nirä?

Soňky iki hepdede başdan geçirilen ýokary derejeli we depginli wakalar 2019-njy ýylyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar taýdan düýpli howplary we pursatlary özünde jemleýändigini görkezýär. Bu taýda hem S400-F35 meselesi hem-de Siriýada emele gelýän täze dinamikada iki ýurduň arasyndaky aragatnaşygyň we utgaşyklygyň geljegini kesgitlese gerek.

Türk-Amerikan gatnaşyklary soňky ýyllarda başdan geçirilýän durnuksyzlyklar bilen gün tertibine gelýär. Soňky dört ýylyň dowamynda ÝPG-niň başda durmagynda köp sanly dartgynlygy başdan geçiren gatnaşyklar iki hepdäniň dowamynda başdan geçirilen wakalar bilen täze bir sepgide ýetdi. İlki S-400 dartgynlygynyň 2019-njy ýyly Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň esasy dinamikasyny emele getirjekdigi diskussiýa edilýärkä Amerikan hökümeti birnäçe wagtdan bäri dowam edip gelýän Patriot ulgamlary boýunça satuwyň amala aşyrylyp bilinjekdigini beýan etdi. Bu elbetde öz çäginde köp sanly näbelliligi jemleýär. Döwlet sekretarlygyndan berilen beýanatdan soň iki tarapyň arasynda maliýe we tehniki meseleleriň başda durmagynda gepleşik tapgyrynyň başlamagyna garaşylýar. Emma şol satuw kararynyň ABŞ-nyň Türkiýäniň S400 aluwy bilen bagly bolup bolmandygy bilinmeýär. Eger Amerikan hökümeti Petriot satuwyny ýaňadandan S400 ulgamyny almazlyk şertine esaslandyrsa, iki ýurduň arasynda täze bir dartgynlygyň ýüze çykmagy ähtimal. Eýsem soňky döwürde Türkiýä töleglerini töläp alan F35 harby uçarlarynyň gowşurylmagyny S400 howa goranyş ulgamy meselesine esaslandyrylmalydygy bilen bagly basyşlar netije berip, Amerikan hökümeti şeýle karara gelen halatynda şol dartgynlygyň göwrümi has-da giňär.

Türkiýäniň S400 howa goranyş ulgamyny almagy bilen bagly ýüze çykmagy ähtimal beýleki mesele bolsa ABŞ-da KAATSA atlandyrylýan we Russiýa bilen goranyş senagatynda hyzmatdaşlyk edilýän ugurlarda gatnaşyk edýän ýurtlara sanksiýa goýulmagy bilen ýüze çykyp biler. Şeýle bolan halatynda iki ýurduň arasynda esasanda goranyş senagaty pudagynda iňňän dartgynly günlere garaşmak mümkin. Türkiýäniň S400 boýunça häzirki wagta çenli beren beýanatlaryna garamazdan ABŞ-da bu mesele boýunça ýüze çykan ymtylma resmi Waşingtonyň Ankaranyň milli howpsyzlygy baradaky aladalaryna doly düşünmändigini görkezýär.

Petriot ulgamy baradaky karardan soň Amerikan hökümeti ikinji möhüm beýanatyny berip, Amerikan esgerleriniň Siriýadan çekiljekdigini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirdi. Nähili bolanda-da kararyň kabul edilen wagty we beýan edilişi ABŞ-da düýpli dartgynlyk emele getirdi. İlki Goranmak ministri Mattis, soň bolsa DAIŞ-e garşy göreşden jogapkär wekil MkGork wezipelerinden çekildi. Prezident Trampyň kabul eden kararyndan soň iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljegi taýdan möhüm pursatlar döredi. DAIŞ-e garşy göreşde güýçlenjek hyzmatdaşlyk bilen ABŞ sebitden çekilýärkä Türkiýe bilen ýola goýjak utgaşyklygy orta möhletde iki ýurt üçin möhüm hyzmatdaşlyk giňişliginiň emele gelmegini üpjün edip biler. Trampyň liderleriň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň Twitter arkaly beren habarnamasynda logistiki goldaw we utgaşyklyk şu sepgitde Siriýada durnuklylyk we soň syýasy çögüt tapgyrynda düýpli hyzmatdaşlygy ýola goýup biler. Emma şol kararyň iş ýüzüne geçirliş tapgyrynda Türkiýe bilen ýeterlik utgaşyklygy ýola goýmak we iki taraply arkalaşyk boýunça ýüze çykmagy ähtimal düşnüşmezlikler ýany bilen düýpli dartgynlyklary hem getirip biler. Sebitde harby taýdan işjeň tagalla edýän döwletlerden başga sebitleýin durnuklylyk we howpsyzlyk üçin uly howp emele getirýän terror guramalarynyň şol bir wagtda iş alyp barmaklary uly howp döredýär. Esasanda ÝPG-niň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertlerinden biynjalyk bolmagy we onuň ara bozujy tagallalary düýpli dartgynlyklara sebäp bolup biler. Şol howplaryň hatarynda iki ýurduň arasynda ediljek hyzmatdaşlyk, operasiýalardaky utgaşyklyk we iki paýtagtyň arasynda netijeli aragatnaşyka ugrunyň emele gelmegi iňňän möhüm.



Degişli Habarlar