Kappadokiýa Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri

Türkiýede gezelenç 02

Kappadokiýa Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri
Kappadokiýa Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri
Kappadokiýa Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri

Kappadokiýa Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri

Türkiýede gezelenç 

 

Türkiýede gezelenç atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kappadokiýany tanyşdyrmakçy.

Merkezi Anadolyda ýerleşýän Göreme, Ürgüp, Uçhisar, Awanos, Derinkuýu, Kaýmakly, Yhlara we töwerekleri Kappadokiýanyň deňsiz taýsyz gözellige eýe bolan syýahatçylyk etrapçalary hökmünde ünsleri özüne çekýär.

Baý taryhy geçmişe we tebigy gözellige eýe bolan Kappadokiýa müňlerçe asyr ozal, Merkezi Anadolydaky daglardaky wulkanlaryň lawlaryndan emele gelýär. Akan lawrlar sebitde dürli görnüşli gaýa kimin gaty gatlaklary emele getirýär. Şol wulkan gatlagy müňlerçe ýylyň dowamynda ýagyşlaryň, silleriň, şemalyň netijesinde “Peribajalary” ýagny “Peri tüýnükleri” atly tebigy gudraty ýüze çykarýar.

Kappadokiýa taryhyň dowamynda asurlulara, hititlilere we parslara ýer eýeçiligini edipdir. Rim imeratorlygynyň hem häkimiýeti astyna giripdir. Sebitde şol medeniýetleriň galyndylary bilen birlikde Seljukly we Osmanly imperatorlyklaryna degişli eserleri görmek bolýar.

ÝUNESKO-nyň medeni hem-de tebigy miras sanawynda ýer alýan Göreme Milli seýilgähinde peri tüýnkleri bilen birlikde sebitde gelen hristiýalaryň ýaşaýyş ýerlerini we buthanalaryny görmek mümkin.

Kappadokiýa deňiz taýsyz gözellige eýe bolan jülgeleri, her bir adamy geň galdyrýan ýerasty şäherleri, galalary, buthanalary, metjitleri, syrça we keramika ussahanalary bilen görülmäge mynasyp ýerlerden biridir.

Taryhyň çuňluklaryna çenli gitmek, peri tüýnükleriň ýoldaşlyk etmeginde jülgelerde ýöremek, geçmişiň galyndylaryny yzarlamak üçin Kappadokiýany gelip görmegiňizi maslahat berýäris.

Şar gezelenji bolsa size sebitiň gözelligine howadan syn etmek mümkinçiligini hödürleýär

Kappadokiýa mahsus testi kebaby, çömlek kebaby, bägül böregi, toý çorbasy we aside datlysy ýaly tagamlaryndan hem dadyp görmegi ýatdan çykarmaň


Etiketkalar: gowak , buthana , jülge , Kappadokiýa

Degişli Habarlar