Ýemenli Merwe

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Ýemenli Merwe

 

Käte başdan geçirilýän kynçylyklary şeýle ulaldýarys welin… Diňe şol meseleler taýdan durmuşy özümiz, daş-töweregimizdäkiler, ýurdumyz üçin çykgynsyzlaşdyranymyzy duýman galýarys. Şeýle halatlarda azajyk hem bolsa meselelerden daşlaşmak, ýaşaýan ýurdumyza daşardan ser salmak has parasatly çemeleşmegimize goşant goşýar. Şol çäkde size gürrüň berjek hekaýatymyzy Türkiýäniň aňladýan manysyna dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

Türkiýe başdan geçirýän adatdan daşary şertlerine garamazdan günsaýyn güýçlenýän bilim merkezine öwrülýär. Meniň talyplyk ýyllarymda Türkiýe özüňe geljek gözlenjek ýurt däldi. Häzirki wagtda bolsa 150 müň sany daşary ýurtly talyp Türkiýede bilim alýar. Sanlar, bir bada aýdylanda aşagyndaky dessançylykly wakalaryň üssüni örtýän örtgi ýaly bolýar. Eýsem her bir talybyň durmuşy özbaşdak gussa, hijran, dessan, tagalla, umyt we gözleg. Türkiýäniň şol ýaşlar üçin nähili heýejanyň, umydyň beýanydygyny görkezmegi taýdan size başdan geçirenlerini gürrüň bermek isleýän ýemenli Merwe atly talyp şolardan diňe biri.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ano Ýemendir, Güli Çemendir…

Ýemen… Gyzyl deňize, Aden aýlagyna, Umman deňizine kenary bolan, strategik ýerleşişi sebäpli taryhyň tas ähli döwürlerinde gam-gussa çeken ýurtlardan biri. Biziň üçin bolsa Mekge we Medine goranyşy şol ýerden başlany üçin ugrundan iň köp şehit berilen sebitlerden biri. Çanakgala bilen bilelikde belkem milletimiziň in köp agy aýdan, ýüregini titreden ýeri. Entek 15 ýaşly ýaş gyzlarymyzyň ýolunda gözýaşy döken ýurdy. Dessanlarymyzyň, agylarymyzyň, gam-gussalarymyzyň ýüreklere nesiller boýy ýazylmagy eýsem berilen şehitleriň sany bilen bagly bolsa gerek. Şonuň üçin hem Çanakgala we Ýemen ýürekleri başgaça syzladýar.

Umyda ýolaçylyk…

Merwe ine şeýle ýurtdan, Ýemeniň paýtagty Sana şäherinden. Her bir ýaş-ýetginjek ýaly geljegini gözleýärkä 2014-nji ýyldaky içerki çaknyşyk sebäpli ýurdunyň geljegi hasam garalýar. Agdarlyşyk diňe ýaraglaryň sesi eşidilýär, adamkärçilik ýatdan çykýar. Ne ýaşlar ýada düşýär, ne-de olaryň geljegi…

2015-nji ýylda ýurdunda başlan dartgynlygyň içinden geljege gussa bilen garaýarka Merwänin ýoluny ýagtyljak şöhle görünýär. ÝTB tarapyndan Türkiýede okamaga hukuk gazanandygy habar berilýär. ABŞ-nyň Fulbraýt, Germaniýanyň Daad, Britaniýanyň Çiwening stipendiýalary Ýemendäki içerki uruş sebäpli bes edilendigi üçin Türkiýe stipendiýalary Merwe bilen 150 sany ýemenli abuturiýent üçin umyt, geljek üçin ýeke-täk çykalga bolýar. Türkiýe hyýaly bilen Türkiýä gelip, yza dolanyp bitap düşen ýurtlaryny ýaňadandan dikeltmek üçin diýseň tolgunýarlar.

Bir tarapda umytlar war, emma beýleki tarapda durmuşyň gaýgyly hakykatlary… Ýurtlaryndaky içerki uruş sebäpli Sanadaky ilçihanalar ýapylýar, esasy bölegi Jiddä göçürilýär. Howpsyzlyk sebäpli uçar saparlary bes edilýär. Türkiýä gelmek üçin wiza alynmalydy. Onuň üçin bir ýeke-täk ýol Jiddä göçürilen Türkiýäniň ilçihanasyna ulag bilen gitmek. Emma çaknyşýan toparlaryň gözegçiligindäki ýollardan Saud Arabystanyna geçmek beýle ýeňil däldi. Saud Arabystan serhedine barylaýanda-da Jiddä barmagy hiç kim kepillendirmeýärdi. Çäresizligiň içinde çäre gözleýän ýaşlar Sanada ýygy-ýygydan jemlenşýärler. Türkiýäniň Jiddedäki ilçihanasy bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Wiza üçin pasportlary Jiddä alyp gitmekden başga çäre galmaýar. Netijede oglanlardan biri ähli pasportlary Jiddä alyp gitmäge meýletin bolýar. Ýaşlar uly umyt bilen Ýemendäki ýaşlaryň pasportlaryny jemlemäge başlaýarlar. Emma umytlary uzaga çekmeýär. Meýletin bolan ýigit bombalaýan şäherlerden geçip, pasportlary Jiddä alyp gitmekden gorkýar.

Umytlar gutardy diýlen mahaly “kim barka diýip, eýläk-beýläk seretmän men bar” diýlen düşünje bilen Merwe ýygnaljak pasportlary Jiddä alyp gitmäge meýletin bolýar. Merwäniň karary ata-enesini aladalandyrýar. Pikirinden el çekdirmäge synanşýarlar. Eger gitjek bolsa howpy az bolar ýaly diňe öz pasportyny alyp gitmegini isleýärler. Emma Merwe stipendiýa almaga hukuk gazanan ýaşlaryň geljeginiň diňe özüne baglydygyny bilýändigi üçin kararyndan el çekmeýär. Abuturiýentleriň hossarlary gysga möhletde 90 pasporty jemleýärler. Ýaşlaryň käbirlerini tapyp bilmeýärler. Käbirleri bolsa Merwäniň işiň hötdesinden gelip bilmejekdigi pikiri bilen pasportlaryny bermeýärler.

Ilçimiz Fazly Çorman Merwäniň kararyndan diýseň hoşal bolýar. Emma kararynyň iňňän howplydygyny öwran-öwran gaýtalaýar. Barlagdan geçen mahaly onça pasportyň ýanynda bolmagynyň iňňän howplydygyny aýdýar. Şol ähtimallyklar sebäpli oňa “Türkiýede okamaga hukuk gazanandygy, stipendiýa almaga hukuk gazananlaryň wiza işiniň çözülmegi üçin beýleki pasportlar bilen Jiddä gelýändigi” barada resminama berip biljekdigi beýan edýär.

Merwe hossarlarynyň, beýleki abuturiýentleriň we olaryň hossarlarynyň doga-dilegi bilen ýola düşýär. Iki günläp Saud Arabystan serhedine çenli ýol geçýär. Belkem edilen doga-dilegler sebäpli ýol boýy hiç hili çaknyşyga, hüjüme sezewar bolmaýar. Ir sagat 10-a golaý Ýemeniň gümrük geçelgesine barýar. Emma öňünde uzyn nobat bar. Nobata duran halatynda özüne gezek gelmegi mümkin däldi. Ýemenli resmilerden rugsat alyp gümrükden geçýär. Omuzynda sumkasy, 90 abuturiýentiň geljegi bolan pasportlary bilen Saud Arabystanynyň gümrük geçelgesine barýar.

“Mährem” size girmek gadagan…

Saud Arabystanynyň gümrük geçelgesinde bolsa işler beýle ýeňil bolmaýar. Resmiler Merwä ynanmaýarlar. Oňa gaharlanyp, hiç zat edip bilmejekdiklerini, ertesi güni gelmegini isleýärler. Bir gyz çölüň ortasynda ýeke başyna näme etmelidi? Merwe ýaňadandan ilçihana bilen aragatnaşyk saklaýar. İlçihana meseläni düşündirmek üçin faks ugradýar. Saud Arabystanyň resmileri bolsa bir mähremi (ýoldaşy, kakasy, adaglysy) bolmasa ony Saud Arabystanyna kabul etmejekdiklerini aýdýarlar. Merwe haj üçin gelmändigini, Saud Arabystanynda üç günden köp bolmajakdygyny, wiza işlerinden soň gyssagly yzyna dolanjakdygyny düşündirýär. Razy bolmasalar hem mährem hökmünde resmi kagyza adyny ýazyp, 9 sagat dowam eden göreşiň netijesinde Merwäniň geçmegine rugsat berýärler.

Ilçihananyň işgärleri Merwäni bagtyýarlyk we şatlyk bilen garşylaýar. Üç günüň dowamynda arman-ýadaman wiza işlerini çözýärler.

Emma Merwe üçin kynçylyk gutarmaýar. Yza dolanmak hem gidişi ýaly kynçylyklydy. Yza dolanýarka awtobuslary bombalanmakdan birnäçe minut bilen halas bolýar. Awtobus çölüň içinden, ara ýollardan geçip Sana gelip ýetýär.

Merwe häzirki wagtda Ýyldyrym Baýezyt uniwersitetinde talybymyz. Beýleki talyplar hem ýurtlaryna goşant goşmak üçin Türkiýede üstünlik bilen okaýarlar.

Şu başdan geçirmäni özleri ähli tankydy, hat-da kemsitmäni edýändigine garamazdan edepsizligi bilen has agyrraklaryna-da laýyk bolandygyna seretmezden kiçik tankydy bellige çydaman hiç ýere gitmeýän hem bolsalar “indi bu ýurtda ýaşap bolmaz, men gidýän” diýýänlere bagyşlaýaryn.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof. Kudret Bülbüliň “Ýemenli Merwe” synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: wiza , ilçihana , talyp , Ýemen

Degişli Habarlar