Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 02

TİKA-nyň alyp barýan işleri

Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 02

 

 

Dünýäde köp sanly ýurtda we sebitde dürli medeni-jemgyýetçilik taslamalaryny iş ýüzüne geçirýän Ýunus Emre İnstituty, Daşary Ýurtlardaky Türkler Edarasy, Gyzylaý we TİKA ýaly edaralar barada maglumat berýän gepleşigimiziň geçen sanynda TİKA-nyň taryhçasy barada gysgaça maglumat beripdik. Gepleşigimiziň bu sanynda bolsa şol guramanyň alyp barýan işleri barada durup geçmekçi.

Türk Iş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Gullugy (TİKA) haýsy işleri iş ýüzüne geçirýär?

Gazna medeniýetiniň bir bölegini emele getirýän TİKA dünýäniň iň bir çetki etraplaryna çenli ýetirýän kömekleri bilen Türkiýäniň ynsanperwer we hemaýat ediji pozisiýasynyň anyk görkezijisidir.

Orta Aziýadan Balkan ýurtlaryna, Afrikadan Latyn Amerika we Günorta Aziýa çenli giň sebitde galkynyşa gönükdirilen ykdysady, jemgyýetçilik, medeni köp sanly ugurda taslamalary amala aşyryp, Türkiýäniň gazananlaryny we tejribelerini dostlarymyz bilen bölüşýär.

TİKA şu günki güne çenli daşary ýurtlarda iş ýüzüne geçirilen 25 müňe golaý galkynyş taslamasy bilen hassahanalary, mekdepleri, ýollary gurup, ýüzlerçe müň adamyň islegini kanagatlandyrdy. Türkiýäniň şol ýurtlar bilen bolan dostluk gatnaşygynyň berkemegine we gatnaşyklaryň ösmegine hem goşant goşýar.

Iş ýüzüne geçirilen taslamalaryň köpugurlylygy bilim, saglygy goraýyş, ýaşaýyş, enäniň we çaganyň saglygy, oba hojalygy we maldarçylyk, ulag, önümçilik, iş üpjünçiligi, agyz suwy ýaly köp sanly ugry öz içine alýar. Bu taslamalaryň özeninde: dostlukly ýurtlaryň öz serişdelerinden ýerlikli peýdalanmaklaryny üpjün edýan konstruktiw çäge ýetmegine goldaw bermek we uzak möhletli adyl hyzmatdaşlyga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady durýar.

Soňky üç ýylda Balkan ýurtlaryndan Orta Aziýa, Ýakyn Gündogardan Afrika çenli köp sanly sebitde 250-ä golaý umumy medeni we taryhy mirasa degişli ýadygärlikler TİKA tarapyndan abatlanyp, dikeldildi. Somalide, Palestinada, Sudanda, Pakistanda, Gyrgyz Respublikasynda, Moldowada we ýene-de ençeme ýurtda TİKA tarapyndan gurulan hassahanalarda ýülerçe müň adam şypa tapýar.



Degişli Habarlar