Hititleriň paýtagty Hattuşaş size garaşýar

Türkiýä Gezelenç 06

Hititleriň paýtagty Hattuşaş size garaşýar
Hititleriň paýtagty Hattuşaş  size garaşýarş
Hititleriň paýtagty Hattuşaş size garaşýarş

Hititleriň paýtagty Hattuşaş size garaşýar

 

Hitit imperiýasy biziň eýýamymyzdan ozalky döwürlerde Anadolyda höküm süren swilizasiýalardan biri… Şol imperiýa asyrlar ozal synan hem bolsa, paýtagty Hattuşaş öz kaşaňlygyny gelip görenlere buýsanç bilen sergilemäge dowam edýär.

 

Hitit imperiýasy b.e.ozalky 1600-njy ýyllarda gurulýar. Şol döwre degişli toýun tablisajyklardan belli bolşuna görä Hitit ülkesi taryhda demokratiýa bilen dolandyrylan ilkinji döwlet bolupdyr. Şa we onuň maşgala agzalary tarapyndan dolandyrylan ýurtda Pankuş atlandyrylýan mejlise hem kararlara ses bermäge hem-de şanyň işlerine gözegçilik etmäge hukuk berilipdir.

Hititleriň ilkinji başlangyçlaryndan biri bolsa taryhyň ilkinji ylalaşygyny, ýagny Kadeş ylalaşygyny Müsür bilen baglaşmagy… Ine, döwrüň şol ösen swilizasiýasynyň paýtagty Hattuşaş, gadymy şäher görnüşinde Hititleriň mirasyny biziň günlerimize çenli ýetirýär.

Hattuşaş Türkiýäniň Merkezi Gara deňiz sebitinde, Çorum welaýatynyň çäklerinde ýerleşýär. Şu günki ady Bogazköý. Açyk howa arheologiýa muzeýi bolan Hattuşa Aşagy Şehir we Ýukary Şehir hökmünde iki bölekden ybarat.

 

Aşagy Şehir diýilýän bölekde ilatyň ýaşaýyş giňişligi ýerleşýär we Hattuşaşyň esasy dini guramasy bolan Uly ybadathana seleňläp görünýär.

Ýukary Şehirde bolsa köp sanly ybadathana ýerleşýär we ol ýer dört gapyly diwarlar bilen gurşalan. Ýolbarsly gapynyň iki gapdalyna goýulan ýolbars heýkelleri Hitit daş sünnäleme hünäriniň naýbaşy nusgalaryndan…

Hattuşaşyň 2 kilometr demirgazyk gündogaryndaky Ýazylygaýa ybadathanasy şäheriň iň bir kaşaň Açyk howa ybadathanasy hökmünde kabul edilýär. Iki gaýa otagdan ybarat bolan ybadathananyň diwarlary Hitit taňrylarylarynyň we taňryçalarynyň güberçekleri bilen bezelipdir.

Hattuşaşy görmek üçin Çoruma gitseňiz, Çorum we Bogazköý muzeýlerinde taryhy syýahatyna çykman, İskilip etrabynyň taryhy köçelerini gezmän, Hitit ýolunyň ugrunda gezimlemän, bark urýan arça ysly ýaýlaglary görmän, dolma ýaly ýerli tagamlardan datman, Kargybezi, ýolluk ýaly dokumalardan satyn alman gaýdyjy bolmaň.

Müsüriň güýçli firaunlarynyň iň güýçli garşydaşy, döwrüniň iň esasy syýasy we harby güýji bolan Hititleriň paýtagty Hattuşaş size garaşýar.


Etiketkalar: paýtagt , Hattuşaş , Hititler

Degişli Habarlar