YKBALY SETIRLERINE SIŇEN MOLLANEPES

Dost-Doganlygyň Taryhy 05

YKBALY SETIRLERINE SIŇEN MOLLANEPES

 

YKBALY SETIRLERINE SIŇEN MOLLANEPES

 

Dürler saçar ýar dahandan,

Müň geler hünär zybandan,

Nepes diýer, bu jahandan,

Ýary taşlap, geçdim gitdim.

 

         Türkmen aşyk we magşuklarynyň gizlin hatlarynda Mollanepesiň şygyrlary ýazylýar we halkynyň aňynda „Yşk mülküniň şasy“ hökmünde tanalýan Mollanepes, adamlaryň duýgularynyň hakyky waspçysy, olaryň ýüreklerine ruhy taýdan melhem bolup bilen şahyrlaryň biridir.

 

         XIX asyryň nusgowy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Mollanepes, takmynan 1810-njy ýylda dogulypdyr. Mollanepesiň kakasynyň adyna Kadyrberdi diýer ekenler. Kadyrberdiniň Agajyk bagşy, Ödekberdi, Hakberdi we Mollanepes diýen ogullary bolupdyr.

 

         Mollanepes Buhara we Hywa okuwa gitmezinden ozal, Kakasy Kadyrberdi mollanyň elinde sowat öwrenipdir, soňra bolsa Mämmetsalyh işanyň elinde sapak alypdyr.

 

         Bu barada şahyryň özi:

 

         Gazat kyldy welilere baş bolup,

         Pirim Mämmetsalyh işan ýetişsin –

 

         diýip, “Ýetişsin” atly şygrynda belläp geçýär.

 

         Mollanepes Buhara, Hywa ýaly zamanasynyň meşhur okuw jaýlarynda okap, zamanasyna laýyk ylymdyr bilim alan şahyr bolup ýetişýär. Döredijilik ýoluna gadam basyp başlan badyna türkmeniň nusgowy edebiýatyny, ylaýtada hem Magtymguly, Nowaýydyr Nesimi ýaly şahyrlaryň döredijiligi bilen içgin tanyşýar.

 

         Mollanepesiň ykbaly bilen baglanşykly bolan we belli bir derejede häzirki güne çenli toplanan maglumatlarda tapawutlylyk görkezýän zat ol hem onyň näçe ýaşandygy we näwagt aradan çykandygy bilen baglanşykly maglumatlardyr.

 

         Mollanepesiň ýagty jahandan gaýdandygy hakyndaky maglumat ilkinji gezek “Türkmen ili” jurnalynda çap edilýär. Edebiýaty öwreniji Allaguly Garahanow žurnalyň 1922-nji ýyldaky 3-nji sanynda ýerleşdiren “Türkmen şahyrlary” atly makalasynda bu dogrusynda şeýle maglumat berýär: “XIX asyrda ýaşan ýene-de bir türkmen şahyrynyň terjimehalyna dahylly birki söz aýtmakçy bolsak, ol şahyr türkmeniň birinji dünýewi şahyrlaryndan bolup, adyna Mollanepes diýerler. Bu şahyr teke türkmenleriniň Marydaky togtamyş taýpasynyň ýazy-yusup tiresinden bolup, mundan 50-60 ýyl öň dünýäden ötüpdir”.

 

         Mollanepesiň ömrüni we döredijiligini öwrenmeklige ilkinji girişenleriň biri Ahundow Gürgenli, Mollanepes hakynda ýazan makalalarynda şahyryň, takmynan, 1810-njy ýylda doglandygy hakynda maglumatlaryň bardygyny belläp, onuň aradan çykan wagty barada maglumatyň ýokdugyny ýazýar.

 

         Mollanepesiň 1947-nji ýylda çykan ikinji neşirini çapa taýýarlan B. Garryýew “Mollanepes halk rowaýatlaryna görä, takmynan, 1810-njy ýylda eneden dogulup, 1860-njy ýylda hem aradan çykypdyr” diýip ýazýar. Mollanepesiň goşgularynyň 3-nji neşirini çapa taýýarlan B. Şamyradow bilen O. Ýazymow kitaba ýazan sözbaşylarynda: “Mollanepes 1810-njy ýylda Saragtda eneden dogulup, 1862-nji ýylda hem Maryda aradan çykypdyr” diýip belleýärler.

 

         Muňa garamazdan, Mollanepes bilen baglanşykly halk içinden toplanan dürli maglumatlara ser salan halatymyzda, şahyr 1862-nji ýylda aradan çykman, birneme gijiräk aradan çykandygy hakyndaky maglumatlara gabat gelmek bolýar. A. N. Samoýlowiç 1905-nji ýylda Mollanepes hakynda “ol golaýda ölüpdir” – diýip ýazýar. Edil şonuň ýaly hem halk içinden toplanan maglumatlarda Mollanepesiň 1860-61-nji ýyllardaky uruşdä däl-de, şol uruşdan has soňraky keselçilik bilen baglanyşdyrýarlar.

 

         Ýazyjy Berdi Soltannyýazow “Mollanepesi gören adam” atly makalasynda, 1925 ýylda, Myrat aga diýen adama sataşandygyny ýazýar. Myrat aganyň gürrüňine görä, ol 18-19 ýaşlarynda kakasy bilen daýylaryndan gelýärkä, küren obanyň deňine ýetenlerinde Mollanepese gabat gelipdirler. Kakasy Mollanepes ahun bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşypdyr. Myrat aga şol duşuşykdan soňra bäş-alty ýyl geçensoň Mollanepesiň aradan çykandygyny aýdypdyr. Myrat aganyň gürrüňlerinden çen tutulsa, ol 1840-njy ýylda doglan bolýar. ol 18-19 ýaşlarynda, ýagny 1860-njy ýylda Mollanepesi gören bolsa, şondan 5-6 ýyl soň hem Mollanepes aradan çykan bolsa, onda şahyr, takmynan, 1872-nji ýylda dünýäden öten bolýar.

 

         Mollanepesiň aradan çykan ýyly hakynda Murgaply mugallym A. Atabaýewiň “Şahyr barada köp maglumat topladyk” atly makalasynda hem maglumat berilýär. Makalada 103 ýaşly Garagyz eje bilen bolan duşuşyk hakynda gürüň edilip, Garagyz ejäniň Mollanepesiň aradan çykan wagty hakynda beren maglumatlary getirilýär. Şol maglumatlara görä, Mollanepes söweş meýdanynda ýaralanyp, birnäçe ýyl ýatyp, şol ýaradan, Garagyz eje 10-12 ýaşlaryndaka aradan çykýar. Garagyz ejäniň maglumatlaryna görä, ol takmynan, 1860-njy ýylda doglupdyr we 10-12 ýaşlarynda Mollanepesiň aradan çykanyny eşidipdir. Gylyç Halyl ogly hem Mollanepesiň 60 ýaş töwereginde aradan çykandygyny habar beripdir. Görnüşi ýaly, Garagyz ejäniň hem maglumatlary, Myrat aganyň we Gylyç Halyl oglunyň maglumatlary bilen gabat gelýär.

 

         Mollanepesiň altmyş ýaşy arka atandygyny onyň “Wagtydyr” atly şygry hem tassyklaýar:

 

         Ýaşyň altmyşga ýetipdir, nowça çaglardan geçip,

         Şer işe baş goýar sen, käri-rehmetden gaçyp,

         Gahry-Hakdan gorkuban, her günde göz ýaşyň saçyp,

         Her säher “hüw” diýip, wahdat şerabyndan içip,

         Meşreb-u Mansur kibi messana bolsaň wagtydyr.

  

         Şygyrdan alnan bir beýtden görnüşi ýaly, şahyr şu şygryny ölmeziniň öň ýanynda ýazypdyr diýip çen etsek, ol 1870-nji ýylda hem aýatda diri bolýar. Goşgynyň ruhynda bolsa, garrylykdyr gojalyk bilen bagly göwnüçökgünlik ýok-da, ýaşy birçene baran adamyň geçiren günlerine ser salyp, şol geçen günlerinde ýagşy-ýaman eden işlerini seljerip, galan ömrüni Hakyň ýolunda hyzmat edip, onyň razylygyny gazanmak ugrundaky işlere bagyşlamak islegi bolan adamyň ýazanlaryny ýadyňa salyp dur.


Etiketkalar: waspnama , Mollanepes , ýazyjy , şahyr

Degişli Habarlar