Pamukkale Türkiýäniň tebigy gözelliklere eýe bolan ýerlerinden biri

Türkiýä gezelenç 06

Pamukkale Türkiýäniň tebigy gözelliklere eýe bolan ýerlerinden biri

 

 

Pamukkale Türkiýäniň tebigy gözelliklere eýe bolan ýerlerinden biri. Sebitdäki gadymy Hieropolis şäheri bilen birlikde 1988-nji ýyldan bäri UNESKO-nyň medeni miras sanawynda ýer alýar.

Pamukkale medeni hem-de tebigy miras hökmünde kabul edilýär.

Pamukkale Türkiýäniň günbatarynda, Egeý sebitinde Denizli welaýatynyň serhetlerinde ýerleşýär. Çaldagynyň günorta eteklerinden gelýän düzüminde ýokary mukdarda kalsiýum bolan suwlardan ybarat ak trawertinleri bilen ýakyndan tanalýar.

Pamukkaläniň 2700 metr uzynlygyndaky we 160 metr belentligindäki ak reňkli trawertinlerini birnäçe kilometr alysdan görmek bolýar.

Denizli welaýatyndan 2 kilometr alysda ýerleşýän Pamukkale birnäçe hassalyga şypa bolýandygyna ynanylýan şypaly suwlary bilen hem ünsleri özüne çekýär. Ýylylygy 35-36 gradus bolan 5 ýyly suwly çeşmesi bar.

Gadymy Hierapolis şäher, gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli gelip ýeten we kaşaňlygyny gorap saklaýan esasy merkezlerinden biri.  Gadymy şäherde giçki elenistik we irki hristianlyk döwürlerine degişli galyndylary öz içine alýar.

Gadymy şäheriň b.e. ozalky 2-nji asyrda Bergama şalaryndan Ebmen II tarapyndan gurlandygy, adyny bolsa Bergamanyn esaslandyryjysy Telephosyň aýaly Heiradan alandygy aýdylýar.

Hristianlygyň ýaýbaňlanmagynda esasy rol oýnan Hierapolis şol bir wagtda İsanyň 12 kömekçisinden biri bolan Keramatly Philippusyň öldürlen şäheri. Şol sebäpli hem biziň eramyzyň 4-nji asyrynda onuň hormatyna dini merkez hökmünde yglan edilipdir. Birnäçe wagt soň Gündogar Rim imperiýasynayň gözegçiligine geçen şaher Piskoposlyk merkezi bolupdyr.

Taryhy çeşmelere görä Hieropolis  döwründe demir we daş sünäleme merkezleri we dokma matalary bilen hem meşhurlyk gazanan şäher bolupdur.

Deňsiz taýsyz tegiby gözellige eýe bolan Pamukkale we gadymy Hieoropolis şäherine baryp görseňiz şypaly suwlaryndan peýdalanman, ap-ak trawertinleriň üstünde günüň batyşyna syn etmän, golaýdaky gowaklary we şaglawuklary görmän gaýdyjy bolmaň.

Denizliniň meşhur dokma matalaryndan sowgatlyk almagy we ýerli tagamlaryndan dadyp görmegi hem ýatdan çykarmaň.

 

 



Degişli Habarlar