Ispaniýanyň Sewilla we Türkiýäniň Medipol Başakşehir toparlary duşuşyk geçirer

UEFA Çempionlar ligasynyň play-off tapgyrynyň 2-nji duşuşygynda Türkiýäniň Medipol Başakşehir komandasy 22-nji awgustda Ispaniýanyň Sewilla komandasy bilen oýnar

Ispaniýanyň Sewilla we Türkiýäniň Medipol Başakşehir toparlary duşuşyk geçirer

Ilkinji duşuşykda öz öýünde garşydaşyna 2-1 hasabynda ýeňilen Medipol Başakşehir futbol komandasy garşydaşynyň öýünde oýnajak 2-nji duşuşygynda ýeňmek isleýär. 

Medipol Başakşehiriň bu kyn tutluşygy TRT 1 kanalyndan göni ýaýlym arkaly görkeziler.

Medipol Başakşehir garşydaşyndan üstün çykan halatynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynda oýnamaga mümkinçilik gazanar.

Türkiýäniň komandasy Ispaniýanyň wekiline ýeňilen halatynda bolsa ýoluny UEFA Ýewropa ligasynda  dowam etdirer.

 

 



Degişli Habarlar