Antalýa gelen rus syýahatçylarynyň sany 4 milliondan geçdi

Şähere 2014-nji ýylda jemi 3 million 478 müň rus syýahatçysy gelipdi

Antalýa gelen rus syýahatçylarynyň sany 4 milliondan geçdi

 

Rus gezelenç operatory ATOR firmasy 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde Antalýada 4,2 million rus syýahatçynyň dynç alandygyny mälim etdi.

Ady agzalýan döwürde 3,7 million rus syýahatçysy Antalýanyň howa menziline geldi.

500 müň rus hem Antalýa welaýatynyň Alanýa etrabyndaky howa menziline geldi.

Şähere 2014-nji ýylda jemi 3 million 478 müň rus syýahatçysy gelipdi

ATOR-yň görkezijilerine görä, Russiýa 38,4 göterim bilen Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurt boldy.

Antalýadan soň 16,8 göterimlik paý bilen Germaniýa ikinji, 7,4 göterimlik paý bilen Ukraina hem üçünji orny eýeledi.

 

 



Degişli Habarlar