“Zenanlar erkeklere görä has çydamly"

“Zenanlar gytçylyk we epidemiýa ýaly iň agyr şertlerde hem erkekler bilen deňeşdirilende has çydamly”

“Zenanlar erkeklere görä has çydamly"

“Proceedings of the Naticonal Akademy of Sciences” žurnalynyň internet saýtynda berlen habarda krizis döwrüne degişli görkezijileriň zenanlaryň erkeklerden has çydamlydygyny ýüze çykarandygy nygtaldy

Günorta Daniýa uniwersitetinden Wirginia Zarulli bilen ABŞ-nyň Duke uniwersitetinden Waupeliň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen barlagda gytlyk we hassalyk ýaly wakalar sebäpli ýogalan adamlar analiz edildi.

Ylmy barlag topary 250 ýyl ozal ýogalan adamlary analiz etdi.

Topar taryhy belliklere görä, zenanlaryň adaty şertlerdäki ömrüniň gytçylyk we epidemiýa ýaly agyr şertlerde hem erkekleriňkiden has uzyndygyny mälim etdi.

Ylmy barlaga görä, täze doglan gyzjagazlaryň ömri hem erkek bäbejilerine görä has uzyn bolýar.

Ylmy barlagçylar mysal hökmünde 1933-nji ýylda Ukrainada başdan geçirlen açlyk döwrüni görkezýär.

Ukrainada açlyk döwründe doglan  çagalaryň ömri gyzlarda 10,85, erkeklerde bolsa 7,3 ýaş

 

 


Etiketkalar: barlag , çydamly , erkekler , zenanlar

Degişli Habarlar