Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň 16-njy turunyň duşuşyklary başlaýar

UEFA Çempionlar ligasynyň 16-njy tury 13-nji fewralda sişenbe güni geçiriljek duşuşyklar bilen başlar

Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň 16-njy turunyň duşuşyklary başlaýar

Ýewropa futbolynyň klublar derejesindäki iň ýokary çempionatynyň soňky 16-njy turunda 13-14-nji fewral aralygynda jemi 4 duşuşyk geçiriler.

Bu turyň ilkinji oýunlary 20-21-nji fewral aralygynda geçiriljek duşuşyklar bilen tamam bolar.  

Taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň topariçi duşuşyklarynda üstünlik gazanan Türkiýäniň Beşiktaş kluby ilkinji duşuşygyny 20-nji fewralda sişenbe güni garşydaşynyň meýdançasynda Bawariýa Mýunhen komandasy bilen oýnar.

Çärýek finala çykjak komandalar 6-7-nji we 13-14-nji mart aralygynda geçiriljek jogap duşuşyklarynda mälim bolar.

Ählisi Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:45-de başlajak oýunlaryň sanawy:

13-nji fewral:

Bazel (Şweýsariýa) – Mançester Siti (Angliýa)

Ýuwentus (Italiýa) - Tottenhem (Angliýa)

14-nji fewral:

Real Madrid (Ispaniýa) - Pari Sen-Žermen (Fransiýa)

Porto (Portugaliýa) - Liwerpul (Angliýa)

20-nji fewral:

Bawariýa Mýunhen (Germaniýa) – Beşiktaş (Türkiýe)

Çelsi (Angliýa) - Barselona (Ispaniýa)

21-nji fewral:

Şahtýor Donetsk (Ukraina) - Roma (Italiýa)

Sewilýa (Ispaniýa) - Mançester Ýunaýted (Angliýa)



Degişli Habarlar