Guliýew üstünligini Şwesiýada hem dowam etdirdi

Atletikada 14 etapdan ybarat Almaz ligasynyň 6-nji bölümi Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda geçirildi

Guliýew üstünligini Şwesiýada hem dowam etdirdi

Türkiýäniň adyndan bäsleşige  200 metre ylgamakda soňky dünýä çempiony türk türgen Ramil Guliýew bilen bökdençli 400 metre ylgamakda birnäçe gezek üstünlik gazanan Ýasmani Kopello gatnaşdy.

Almaz ligasynyň Norwegiýada geçirlen 5-nji bölümini birinji ýerde tamamlan milli türgen Guliýew üstünligini Şwesiýa hem dowam etdirdi.

28 ýaşyndaky 200 metre ylgamakda 19 sekunt 92-lik derejesi bilen yzly yzyna ikinji gezek üstünlik gazandy.

Ýasmany Kopello bolsa 400 metre ylgamakda 48 sekunt 91 lik derejesi bilen bäsleşigi üçünji ýerde tamamlady.

Kopello hem Rimden we Norwegiýadan soň üçünji gezek üçünji ýeri eýeledi.

 



Degişli Habarlar