TRT World Emmi sylaglaryna dalaşgär boldy

Türkiýäniň iňlis dilinde ilkinji bolup ýaýlym bermäge başlan TRT World habar kanaly, telewideniýe dünýäsiniň Oskary hökmünde häsýetlendirilýän Emmi sylaglaryna ilkinji gezek dalaşgär boldy

TRT World Emmi sylaglaryna dalaşgär boldy

TRT World tarapyndan berilen beýanata görä, kanalyň baýraga laýyk görülen gepleşigi “Off the Grid”-iň geçen ýyl efire goýberilen we Orta Gündogarda başdan geçirilýän adam gymmatlyklaryna ters gelýän organ söwdasyny suratlandyrýan “Sessiz Ölüm” atly bölümi, şu ýul geçiriljek Emmi sylaglarynyň “Möhüm Habar programmasy” kategoriýasyna dalaşgär görkezildi.

Kanal bu kategoriýada dünýäniň iň abraýly habar kanallary tarapyndan görkezilýän 7 tapawutly gurulyş bilen sylag üçin ýaryşar.

Emmi sylaglary 1-nji oktýabrda Nýu-Ýorkda ýeňijisine gowşurylar.

“Sessiz Ölüm” dokumental filmi iýun aýynda hem Italiýada geçirilen Halkara derňewji žurnalistlik sylagyna laýyk görülipdi.

Dokumental filmde maşgalalaryna bir bölek çörek tapmak umydy bilen ýola çykan we organlaryny satan bosgunlaryň başyndan geçirýän kynçylyklaryny, hem ýönekeý adamlaryň hem-de adam söwdasyny edýän toparlaryň aýdanlaryny görüp bolýar.


Etiketkalar: dalaşgär , sylag , Emmi , TRT World

Degişli Habarlar