Nemes syýahatçylar Türkiýäni halaýar

Nemesler ruslardan soň Türkiýä isleg bildirýän ikinji ýurt

Nemes syýahatçylar Türkiýäni halaýar

Islegiň ýokary bolmagy sebäpli goşmaça uçar saparlary goýuldy

Ýewropanyň syýahat bazarynyň esasy firmalaryndan gbiri bolan “Tomas Kuk Germaniýanyň” Tükiýä bildirilýän syýahatçylyk isleginiň ýokarlamagy sebäpli tomus aýlary üçin 25 müň, güýz üçin bolsa 6 müň goşmaça ýolagçy uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirdi.

“Tomas Kuk Germaniýanyň” ýolbaşçylaryndan alynan maglumata görä Türkiýe şu tomus Ispaniýa we Gresiýa bilen birlikde nemesleriň isleg bildirýän esasy ýurtlaryndan biri boldy.

Firmanyň ýolbaşçylary Türkiýäniň nemes halkynyň isleg bildirýän ýurtlarynyň hatarynda bolmagyna sebäb hökmünde; “saýlama harytlary, hyzmatlary hödürlemegini we türkleriň myhman söýerligini” görkezýär.

Türkiýä dynç almaça gelen nemes syýahatçylarynyň sany üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň arasynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10 göterime golaý ýokarlap, 1 million 560 müň 251 adama barabar boldy.

Nemesler ruslardan soň Türkiýä isleg bildirýän ikinji ýurt.


Etiketkalar: myhman , nemes , syýahatçylyk

Degişli Habarlar