Frankfurt kitap sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy

Germaniýanyň Frankfurt şäherinde şu ýyl 70-njisi geçirilýän dünýäniň iň uly kitap sergisi hökmünde kabul edilýän Frankfurt kitap sergisinde Türkiýe bölümi dabaraly ýagdaýda açyldy

Frankfurt kitap sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy

Açylyş dabarasyna Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Prof. Dr. Haluk Dursun, Türkiýäniň Frankfurtdaky Baş konsuly Burak Kararty we Prof. Dr Ilber Ortaýly bilen birlikde metbugat işgärleri gatnaşdy.

Serginiň şu ýylky abraýly myhman ýurdy bolsa Gürjistan boldy.

Serginiň çäginde 4 müňden gowrak çäre geçirler.

110 ýurtdan 7500-den gowrak neşirýat firmasynyň gatnaşmagynda geçirilýän sergä 10 müňden gowrak žurnalistiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şu ýyl sergä gatnaşýanlaryň sany 3 göterim artdy.

Halkara kitap sergisi 14-nji oktýabra çenli dowam eder.

 

 


Etiketkalar: sergi , Frankfurt

Degişli Habarlar