Älem giňişliginiň çuňluklaryndan radio signallar gelýär

Astronomlar soňky 1 ýylyň dowamynda älem giňişliginiň çuňluklaryndan gelen 20-ä golaý täze radio signallaryny anyklady

Älem giňişliginiň çuňluklaryndan radio signallar gelýär

Awstraliýadaky Swinburne Tehnologiýa uniwersitetinden Rýan Şannon, täze tehnologik radio teleskpolary ulanyp eden işlerinde, soňky 1 ýylyň dowamynda älem giňişliginiň çuňluklaryndan gelen 20-ä golaý täze radio signallaryny anyklandyklaryny habar berdi.

Şannon 20 radio signalynyň iň ýakynynyň 425 million yşyk ýyly uzaklykdadygyny çak edýändiklerini mälim etdi.

Käbir hünärmenler bu signallaryň älem giňişligindäki bir ýaşaýyş formasy tarapyndan ýaýradylýandygyny belleýärler.

Ylmy-derňewiň netijeleri "Nature" žurnalynda çap edildi.

Güýçli radio tolkunlary ilkinji gezek 2007-nji ýylda Awstraliýadaky Parkes radio teleskoby tarapyndan anyklanypdy.



Degişli Habarlar