Möwlana muzeýine 2 million 817 müň 356 adam baryp gördi

Möwlana muzeýi Türkiýede iň köp syýahatçynyň baryp gören muzeýi boldy

Möwlana muzeýine 2 million 817 müň 356 adam baryp gördi

Hezreti Möwlana Jelaleddin Ruminiň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan Konýa şäherindäki Möwlana muzeýine 2017-nji ýylda 2 million 480 müň 433 adam baryp gördi.

2018-nji ýylda bolsa Möwlana muzeýine ýerli we daşary ýurtly bolmak bilen jemi 2 million 817 müň 356 adam baryp gördi.

Şol san 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende Möwlana muzeýine gelen syýahatçylaryň sanynyň 13,5 göterim artandygyny görkezýär

Möwlana muzeýi şol san bilen Türkiýede iň köp syýahatçynyň baryp gören muzeýi boldy.

Geçen ýyl Möwlana muzeýine esasan hytaýly, eýranly, Amerikaly we günorta koreýaly syýahatçylar baryp gördi.

 

 


Etiketkalar: syýahatçylyk , muzeý , Möwlana

Degişli Habarlar