ISESKO Iýerusalymy 2019-njy ýylyň Yslam medeniýetiniň paýtagty hökmünde yglan etdi

Iýerusalymyň medeni mirasynyň goralyp saklanmagy üçin işe girişildi

ISESKO Iýerusalymy 2019-njy ýylyň Yslam medeniýetiniň paýtagty hökmünde yglan etdi

 

Yslamy bilim, ylym we medeniýet guramasy ISESKO-nyň Baş sekretary Abdülaziz Bin Osman Tuweýjri Iýerusalymyň 2019-njy ýylyň Yslam medeniýetiniň paýtagty hökmünde yglan edilendigini aýtdy.

Tuweýjri Marokkonyň paýtagty Rabatda beren beýanatynda guramanyň Iýerusalymyň medeni mirasynyň goralyp saklanmagy üçin musulman ýurtlarynyň we halkara jemgyýetçiliginiň berýän goldawynyň artdyrylmagy üçin işe girişendiklerini aýtdy.

Tuweýjri ISESKO tarapyndan Arap dünýäsinde Iýerusalymyň 2019-njy ýylyň Yslam medeniýetiniň paýtagty bolmagy we Yslam medeniýetininiň hemişelik paýtagty bolmagy üçin kararyň kabul edilendigini ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar