Halkara Bagdat Kitap sergisi başlady

Yragyň paýtagty Bagdatda, ýüzlerçe ýerli we daşary ýurtly neşiriýat gulluklarynyň gatnaşmagynda 46-njy Halkara Bagdat Kitap sergisi öz işine başlady

Halkara Bagdat Kitap sergisi başlady

Yragyň Prezidenti Berhem Salih, serginiň açylyşynda eden çykyşynda, Kerbelada roman ýazyjysy Ala Maşdubyň ýargly hüjümiň netijesinde öldürilmegini ýazgardy.

Premýer ministri Adil Abdulmehdiniň ýurda edilýän kitap importyndan alynan gümrük salgydynyň azaldylmagy baradaky kararyň üstünde durup geçen Salih: “Ady agzalan gümrük salgydyny dolulygyna aýyrmaga synanyşýarys” diýdi.

Yragyň Medeniýet, syýahatçylyk we eserler ministrligi, Bagdatdaky sergä ýüzlerçe ýerli we daşary ýurtly neşiriýat öýleriniň gatnaşandygyny habar berdi.

Okyjylar bilen duşuşýan Halkara Bagdat Kitap sergisi 18-nji fewrala çenli açyk bolar.


Etiketkalar: kitap , sergi , Bagdat , Yrak

Degişli Habarlar