Taryhda 9-njy fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

Taryhda 9-njy fewral

 

Taryhyň şu güni başlaýar…

1788-nji ýylyň 9-njy fewraly… Awstriýa, Osman-Rus söweşine goşulýar. Awstriýa 1787-1792-nji ýyllaryň aralygyndaky Osman-Rus söweşinde Russiýanyň ýanynda söweşe gatnaşdy we Osman döwletiniň agyr ýitgi çekmegine sebäp bolýar.

1934-nji ýylyň 9-njy fewraly… Balkan Antantasyna Türkiýäniň, Gresiýanyň, Ýugoslawiýanyň we Rumyniýanyň arasynda Afynada gol çekişilýär. Şeýlelikde Balkan ýurtlary serhetleriniň howpsyzlyklaryny üpjün etdiler.

1965-nji ýylyň ýylyň 9-njy fewraly… Wiýetnam urşy: Amerikan goşunyndan ilkinji harby bölüm Günorta Wiýetnama ugradylýar. Wiýetnam urşy Gündogar Bloguna girýän Demirgazyk Wiýetnam, Hytaý we Sowet Soýuzy bilen ABŞ-ny goldaýan anti-kommunist Günorta Wiýetnamyň we ABŞ-nyň arasyndaky uruşdy.

1968-nji ýylyň 9-njy fewraly… Ilkinji zenan ýolpolisi işe başlaýar. Stambulyň Eminönü meýdanynda ýol hereketini ugrukdyran gullukçy Fikriýe Ýawuz Türkiýäniň ilkinji zenan ýolpolisi derejesini göterýär.

1986-nji ýylyň 9-njy fewraly… Halli ýyldyzy güne iň ýakyn aralykda. 20-nji asyryň dowamyndaky ilkinji hereketi. Her 75-76 ýylda bir görünýän guýrukly ýyldyz orbitasyny adam ömründe tamamlaýan, aç-açan görünýän ýeke-täl guýrukly ýyldyz. Hasapnamalara görä 2061-nji ýylda ýaňadandan görüler.


Etiketkalar: asyr , zenan , şertnama

Degişli Habarlar