HPG Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga oňyn garaýar

Üstümizdäki aýyň 1-8-Y aralygynda Türkmenistana iş saparyny guran Halkara Pul Gaznasynyň wekiliýeti, sapar barada habarnama taýarlady

HPG Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga oňyn garaýar

HPG-nyň habarnamasynda: makroykdysady çaklamalar, maliýe we ösüş boýunça hökümetiň özgertmelerini goldamaga taýar” diýilýär.

Halakra Pul Gaznasynyň resmi internet sahypasynda çap edilen habarnama göra; gaznanyň wekiliýetiniň seljermeleriniň çaginde Türkmenistanyň ykdysady dolanşygynyň wekilleri, hususy pudagyň wekilleri, maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary we alymlar bilen duşuşyklar geçirildi.

Habarnamada Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugruny emele getirýän tebigy gazyň we nebitiň nyrhynyň aşaklandygyna garamazdan ykdysadyýetiň makroykdysady deňagramlyklara utgaşykly bolmagynda galýandygy nygtalýar.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan oktýabr aýynda tassyklanan 2018-2024-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin ösüş maksatnamasyna-da üns çekilýän habarnamada, maksatnamanyň; bazar ykdysadyýeti boýunça özgertmeleri uzak möhletli durnuklaşdyrmak we birsydyrgyn ösüşi höweslendirmek heme-de çuňlaşdyrmak üçin möhüm pursatlary özünde jemleýändigi beýan edilýar.

Döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalaryň özgerdilmegi, hususylaşdyrmanyň höweslendirilmegi baradaky tekliklere orun berilýän HPG-niň habarnamasynda; tebigy gaz boýunça täze taslamalaryň ulanmaga berilmeginiň ykdysady ösüşi güýçlendirjekdigi nygtalýar.

Habarnamanyň ahyrynda HPG-niň hökümetiň özgertmelerini goldamaga, salgyt, býujet, pul-karz syýasatlary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýardygy beýan edilýär.

Türkmenistanyň HPG bilen gaýsydyr bir karz ylalaşygy ýok.



Degişli Habarlar