Türkmenistan Aral kölüniň halas edilmegi bilen ýakyndan gyzyklanýar

Aral kölüniň halas edilmegine bagyşlanan maslahat Türkmenistanda geçirilýär

2.jpg
Aral 3.jpg
Aral Gölü.jpg

Aral kölünde suwuň çekilmegi sebäpli ýüze çykan tebigy apat, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň garaşsyzlyklaryny yglan eden Orta Aziýa ýurtlaryny çäre görmäge gönükdirdi.

5 Orta Aziýa ýurdy: Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň prezidentleriniň karary bilen 1993-nji ýylda Aral Deňizini Halas Etmek boýunça Halkara Gazna döredildi. Gaznanyň 2017-2019-njy ýyllaryň aralygynda Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylygyny Türkmenistan ýerine ýetirýär.

Üstümizdäki ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda gaznanyň alyp barmagy üçin ofis açyldy we Halkara Araly Halas Ediş Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlyklygyna bolsa Güýzgeldi Baýjanow bellenipdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iýun aýynda Aşgabatdaky ofisiň açylmagy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde: “Türkmenistan ýolbaşçylyk döwründe Gaznanyň halkara profiliniň giňgerimli we birsydyrgyn görnüşe getirilmegi üçin elinden geleni eder we global tebigy apatlara garşy göreş boýunça eýeleýän pozisiýasyny güýçlendirmek üçin degişli ähli çäreleri görer” diýipdi.

Şu Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol sözlerini tassyklaýan iki ylalaşyga gol çekişildi. Gaznanyň Ýerine ýetiriji toparynyň edarasy Federal Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti we Orta Aziýa Sebitleýin Daşky Gurşaw Merkezi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Ylalaşyklar bilen 40 ýyl ozalkysyna görä suwy 10 göterime barabar galan we çölleşme howpuna sezewar bolan Araly halas etmek üçin bilelikde işleşmegi hem-de tehniki goldaw bermegi nazarda tutýar.



Degişli Habarlar