Nazarbaýew: “Terrora garşy göreşde “3-nji Jahan urşy” alynyp barylýar”

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 2016-njy ýylda 104 ýurtda terror hüjümleriniň guralandygyny nygtap, geografiki giňişlik taýdan seredilende terrorizme garşy göreşde “3-nji Jahan urşunyň” alynyp barylýandygyny aýtdy

Nazarbaýew: “Terrora garşy göreşde “3-nji Jahan urşy” alynyp barylýar”

Prezident Nazarbaýew paýtagt Astanadaky Nazarbaýew adyndaky Merkezde geçirilen Astana Klubynyň 3-nji maslahatynda sözlän sözünde halkara terrorizminiň diýseň uly howpa öwrülendigini nygtady.

“Terrorizmiň serhedi ýok. Şu günki günde dünýäniň haýsydyr bir ýeri pajygaly ýere öwrülip biler” diýen Nazarbaýew, üçünji asyrda terror aksiýalarynyň we gurnanlaryň sanynyň 10 esse artandygyna ünsi çekdi.

Nazarbaýew terror aksiýalarynyň ösüp barýan ýurtlardan ösen ýurtlara geçendigine ünsi çekip, global terrorizm indeksine görä 2015-nji ýylyň terrorizm taýdan Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna agza ýurtlar taýdan agyr ýyl bolandygyny beýan etdi.

Galp yslamy akymlarynyn köp sanly ýurda agressiwlik bilen baryp, pozisiýasyny güýçlendirendigini aýdan Nazarbaýew: “Dünýä güýçleri gapma-garşylyklara garamazdan Ýakyn Gündogarda DAİŞ-e garşy göreşi utgaşdyrmagyň hötdesinden geldi, emma terrorçylar başga ýurtlarda öýjük döretmegiň hötdesinden geldiler. Ol bütin Ýewraziýa üçin möhüm çagyryş” diýdi.

Nursoltan Nazarbaýew Ýakyn Gündogarda we Afrikada harby operasiýalaryň uzak ýyllardan bäri dowam edýändigini, Owganystandaky, Yrakdaky, Ukrainadaky we Daglyk Garabagdaky şertleriň hem näbelli bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Global dartgynlygyň möwjemeginiň ýaraga bolan işlegi artdyrýandygyny aýdan Nazarbaýew, harby çykdajylaryň geçen ýyl 1,7 trillion dollara baryp ýetendigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar