Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar

Soňky ýyllarda özara Medeniýet günleri birnäçe gezek geçirildi

Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar

Ynsanperwer gatnaşyklar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýip Ärdogan tarapyndan özara ynam we düşünişmek esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýän bu döredijilik çäresine onuň guramaçylary we gatnaşyjylary tarapyndan iki ýurduň üstünlikli hyzmatdaşlygyna uly goşant hökmünde baha berilýär.

Döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň köpasyrlyk ruhy-ynsanperwer gatnaşyklarynyň türkmen-türk doganlyk hyzmatdaşlygynyň mizemez binýatlarynyň biridigini nygtaýar. Bilelikdäki konsertler, medeniýet işgärleriniň iki ýurtda guralýan halkara maslahatlaryna we festiwallara gatnaşmagy däp bolan medeni alyşmalaryň giňeldilmegine ýardam berýär. Türkmen we türk halklarynyň beýik akyldarlarynyň we şahyrlarynyň, eserlerini düýpli öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alymlar bilelikde iş alyp barýarlar.

Soňky ýyllarda özara Medeniýet günleri birnäçe gezek geçirildi. Şolaryň gerimi barha giňelýär. 2015-nji ýylda türkmen artistleri gadymy türk şäherleri Konýada we Izmirde çykyş edip, tomaşaçylar köpçüligini milli sungatymyz bilen tanyşdyrdylar.

Şu gün ir bilen ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde türk wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi, bu ýerde ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümleriň, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, talyp ýaşlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň beýik Magtymgulynyň adyny göterýän Milli sazly-drama teatrynda geçirilendigi aýratyn many-mazmuna eýedir. Beýik türkmen akyldar şahyrynyň döredijiligine doganlyk ýurtda belent sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, Ankaranyň ajaýyp künjekleriniň birinde “Türkmenistan” seýilgähi ýerleşýär, onda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdyldy, şahyryň heýkeli Türkiýäniň Ýozgat şäherinde hem oturdylyp, Magtymgulynyň ýadygärligi ebedileşdirildi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň 290 ýyllygy bellenilen ýylynda onuň goşgularyndan ybarat üç sany ýygyndy türk diline terjime edildi hem-de şanly sene mynasybetli beýik akyldaryň durmuş ýoluna we döredijiligine bagyşlanyp köpsanly çäreler guraldy.

Türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasy (TURKSOÝ) 2014-nji ýyly Magtymguly ýyly diýip yglan etmek bilen, şahyryň örän baý edebi we ylmy-pelsepewi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä derejesinde wagyz etmek işine uly goşant goşdy. Şu ýyl bu guramanyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitaby türk diline terjime edildi. Bu düýpli eserde sungatyň parahatçylyk dörediji ýörelgesiniň taglymy açylyp görkezilýär.

Şu gezekki medeni çäräniň açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Omer Arisoý iki doganlyk halkyň taryhy taýdan kemala gelen medeni hem-de ruhy umumylygynyň, iki ýurduň özara bähbitli doly derejeli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup durýandygyny belledi.

Çärä gatnaşyjylar giň halkara hyzmatdaşlygy, medeniýeti hem-de sungaty hemmetaraplaýyn ösdürmek syýasatyny alyp barýandyklary, şu gün Aşgabatda badalga alan Türkiýäniň Medeniýet günlerini geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Rejep Taýip Ärdogana tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra türk artistleriniň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna Türkiýäniň Döwlet opera we balet teatrynyň aýdymçylarynyň, folklor sungatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň, belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary girizildi. Artistler sazyň ajaýyp dili bilen öz halkynyň köpöwüşginli medeni ýörelgelerini beýan etdiler. Giňden tanalýan opera aýdymçylary Çidem Gýurdal hem-de Şeher Çagataý dünýä saz sungaty hazynasyndan aýdymlary we türk kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

“Türk dünýäsi” aýdym-saz we tans toparynyň çykyşy hem konsertiň maksatnamasyna girizildi, olar özboluşly saz çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Ozal hem ýurdumyzda ençeme gezek çykyş eden bu topar türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi, ol şu günki konserte gatnaşýan tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Tomaşaçylar dünýä belli “Mehter” atly türk aýdym-saz toparyny elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu toparyň taryhy XIV asyrdan başlanýar hem-de dünýäde ilkinji harby orkestrleriň biri hasap edilýär. Taryhy maglumatlara görä, Türkiýäniň goşunynda “Mehter” topary baýdagyň goralmagy üçin jogap berýär. “Mehter” orkestriniň sazynyň kömegi bilen söweşiň başlanmagyna, goraga geçmek we beýleki harby buýruklar berlipdir, şeýlelikde, orkestr belli bir derejede söweşe ýolbaşçylyk edipdir. Eger orkestr saz çalmagyny dowam etse, hiç haçan söweş ýeňliş hasap edilmändir.

Gündogar harby sazlary Ýewropanyň medeniýetine hem uly täsir edipdir, hususan-da, Mosartyň we Bethoweniň döredijiliginde orkestriň sazlarynyň täsiri duýlupdyr. Dürli ýurtlarda hem bu türk orkestriniň nusgasy boýunça harby orkestrler döredilipdir. Häzirki wagtdaky “Mehter” topary Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň şäherlerinde ýüzlerçe gezek çykyş etdiler.

Aşgabatda “Mehter” topary nusgawy çykyşlaryndan sazlary ýerine ýetirdi. Türk harby saz eserleri, watançylyk aýdymlary, Wolfgang Amadeý Mosartyň iň meşhur sazlarynyň biri “Türk ýörişi” dabaraly sazy ýaňlandy. Harby taryhy lybaslara beslenen artistler üflenip hem-de kakylyp çalynýan saz gurallarynyň ajaýyplygyny we şirin owazyny görkezdiler, şolaryň hatarynda uly çopan tüýdükleri, çasly sesli kese tüýdükler hem-de nagaralar, ägirt uly türk depregi üçburçluk we jam görnüşli gurallar, jaňjagazlar bar.

Tomaşaçylar bu täsin çykyşlara mynasyp baha berip, zehinli artistlere elçarpdylar we gül desselerini gowşurdylar.

Türk artistleri hormatly Prezidentimiziň “Ak güllerim saňa” diýen aýdymyny ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylara ajaýyp sowgat etdiler, bu aýdym dowamly elçarpyşmalar bilen utgaşdy.

Şu gün medeni çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýäniň halk senetçiliginiň we fotosungatynyň sergisi açyldy.

Amaly-haşam sungatyna köpsanly sarpa goýýanlarda ussatlyk bilen galaýydan ýasalan, aýnadan edilen nagyşly önümler, külalçylyk, bezegli sandyjyklar we hasalar, matalara çekilen keşdeler, kümüş şaý-sepler, “ebru” usulynda çekilen suratlar uly gyzyklanma döretdi.

Bu ýerde zergärçilik işi, süňkden we agaçdan sowgatlyk önümleri taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklar-da guraldy. Kagyzy gaýtadan işlemegiň gadymy sungaty bolan “ebru” boýunça ussatlyk sapaklary uly gyzyklanma eýe boldy . Suratkeş zenan sergä gatnaşyjylara suwuň ýüzünde surat çekmegiň esasy tilsimlerini görkezip, haýran galan tomaşaçylaryň gözüniň alnynda şeýle eserleriň birnäçesini döretdi.

Gadymy fotosuratlar we häzirki döwrüň türk fotosuratçylarynyň işleri serginiň aýratyn bölümini düzdi. Sergini guraýjylar Türkiýäniň bir bitewi keşbini döretmegi başardylar. Taryhyň sahypasyna öwrülen täsin ak-gara fotosuratlarda türk şäherleriniň binagärlik keşbi, dürli ýaşdaky we dürli hünärli adamlaryň keşpleri örboýuna galýar. Häzirki döwrüň işlerinde bu ýurduň tebigat gözellikleri, gadymy ýadygärlikleri, syýahatçylyk künjekleri hem-de täze binagärligi, milli baýramlary we gündelik iş-aladalary beýan edilýär.

Ertir döredijilik çäresiniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň duşuşygy geçiriler. Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda hem-de türkmen we türk artistleriniň konserti bolar.

Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň binagärlik desgalary bilen tanyşlygy öz içine alýan uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.



Degişli Habarlar