Balykesirden Türkmenistana 1630 nahal eksport edildi

Türkiýäniň Tokaýçylyk we suw işleri ministrliginiň Tokaýçylyk edarasy tarapyndan Balykesir welaýatynda ýetişdirilen dürli görnüşli nahallar Türkmenistana eksport edilýär

Balykesirden Türkmenistana 1630 nahal eksport edildi

Ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä Tokaýçylyk edarasy tarapyndan Balykesir welaýatynda ýetişdirilen dürli görnüşli jemi 1630 nahal Türkmenistana iberildi.

Tokaýçylyk we suw işleri ministri Weýsel Erogly mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda Türkiýede ýetişdirilýän nahallaryň wagtal-wagtal daşary ýurtlara iberilýändigini habar berdi.  

Ministr Erogly: “Öz topraklarymyzda ýetişdiren nahallarymyzy talap gelen halatynda daşary ýurtlara eksport edýäris. Indi bolsa Türkmenistana iberen nahallarymyz doganlyk ýurdumyzyň florasyny baýlaşdyrjak agaçlaryň biri-birinden tapawutly görnüşlerinden ybarat. Bu nahallaryň ol ýerde ýurdumyzy ýatlatmagy biz üçin örän tolgundyryjy we buýsandyryjy bir ýagdaý” diýdi.



Degişli Habarlar