Ilham Aliýew Putini gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Russiýada geçirlen prezident saýlawynda ýaňadandan üstünlik gazan Wladimir Putini gutlady

Ilham Aliýew Putini gutlady

Aliýew Putiniň saýlawda ýeňiş gazanmagynyň onuň alyp barýan syýasatlaryna halkyň goldaw berýändigini we syýasy taýdan täsirini görkezýändigini belledi.

Azerbaýjanyň we Russiýanyň arasyndaky taryhy dostluk we goňşuçylyk gatnaşyklaryna ünsi çeken Aliýew, “Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanmagyna hoşallyk bildirýäris. Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky köp taraply gatnaşyklaryň pugtalanmagynda siziň şahsy goşandyňyzyň ýokardygyny nygtamak isleýärin. Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň has-da güýçlenmegine, sebitde parahatçylygyň , durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegine mundan soň hem uly goşant goşjakdygyňyza ynanýarys. Jenap Wladimir Wladimirowiç size jan saglyk, bagt we rowaçlyk arzuw edýärin”

 



Degişli Habarlar