Türkiýe Özbegistanyň söwda gatnaşyklarynda 4-nji orny eýeleýär

Türkiýe ýylyň birinji çärýeginde Özbegistanyň jemi daşary söwda gatnaşygynda 5 göterimlik paý bilen 4-nji orny eýeledi

Türkiýe Özbegistanyň söwda gatnaşyklarynda 4-nji orny eýeleýär

Özbegistanyň Döwlet Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä ýurduň daşary söwda mukdary üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 7,9 milliard dollara barabar boldy. Degişli döwürde Özbegistanyň eksporty 4,1 milliard dollar, importy bolsa 3,8 milliard dollara deň boldy.

Ýylyň birinji çärýeginde Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda birinji ýeri 18,6 göterim bilen Russiýa, ikinji orny 17,4 göterim bilen Hytaý, üçünji orny 7,3 göterim bilen Gazagystan we dördünji ýeri 5 göterimlik paý bilen Türkiýe eýeledi.



Degişli Habarlar