Astanada Osmanly resminamalary sergisi açyldy

Gazagystanyň paýtagty Astanada “Resminamalar bilen Osmanly döwleti we Orta Aziýa hanlyklary bilen aragatnaşyklary” sergisi açyldy

Astanada Osmanly resminamalary sergisi açyldy

Döwlet arhiwleri Baş müdürlügi, Gazagystanyň milli muzeýi, Türkiýäniň ilçihanasy we Ýunus Emre instituty tarapyndan Astananyň paýtagt hökmünde yglan edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirlen serginiň açylyş dabarasyna Türkiýäniň Gazagystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Newzat Uýanyk, Döwlet arhiwleri edarasynyň Baş müdüri Prof. Dr Ugur Ünal bilen birlikde köp sanly adam gatnaşdy.

Sergide Osmanly we respublika döwrüne degişli arhiwlerden Orta Aziýa hanlyklary bilen edilen gatnaşyklar, syýasy hatlar, ilçileriň gowşuran sowgatlary bilen birlikde 40 resminama sergilenýär.

Türkiýäniň Gazagystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Newzat Uýanyk serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýäniň umymy dile, dine, taryha we medeniýete eýe bolan ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarynyň gün saýyn güýçlenmeginden hoşaldygyny nygtady.

Ilçi Ünal Stambuldaky Osmanly arhiwinde 95 million resminamanyň we 400 müň depderiň, Ankaradaky arhiwde bolsa 35 milliona golaý resminamanyň we 95 müň depderiň bardygyny ýatlatdy.

 

 

 


Etiketkalar: Gazagystan , sergi , arhiw , Osmanly

Degişli Habarlar