“Gazagystan halkara jemgyýetçiligini Gazadaky wakalaryň bes edilmegi üçin çäre görmäge çagyrýar”

Umarow Gazagystanyň BMG-nyň kararlaryna laýyklykda sebitdäki dartgynlygyň syýasy taýdan çözülmegine goldaw berýändigini ýatlatdy

“Gazagystan halkara jemgyýetçiligini Gazadaky wakalaryň  bes edilmegi üçin çäre görmäge çagyrýar”

Gazagystanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Kaýrat Umarow halkara jemgyýetçiligine Gazada köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan wakalaryň gyssagly bes edilmegi üçin giň gerimli çäre görülmegi çagyryşyny berdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Umarow BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen Palestina oturlyşygynda eden çykyşynda Gaza serhedinde palestinalylaryň protest ýörişleriniň basyp ýatyrylmagynda başdan geçirlen gyrgynçylyga çuňňur gynanç bildirýändiklerini nygtady.

Umarow “Gazagystan halkara jemgyýetçiligini Gazada köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan wakalaryň gyssagly bes edilmegi üçin giň gerimli çäre görmäge çagyrýar” diýdi.

Taraplary dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaga we parasatlylyga çagyran Umarow, halkara şertnamalara laýyklykda Iýerusalimiň taryhy statusynyň goralyp saklanmalydygyny belledi.

Umarow Gazagystanyň BMG-nyň kararlaryna laýyklykda sebitdäki dartgynlygyň syýasy taýdan çözülmegine goldaw berýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar