Özbegistandaky sil apatynda 5 adam ýogaldy

Özbegistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 5 adam ýogaldy

Özbegistandaky sil apatynda 5 adam ýogaldy

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi tarapyndan berilen beýanatda ýurdyň günortasynda täsirli bolan aşa ýagyşlaryň sil apatyna öwrülmegi netijesinde Kaşkaderýa welaýatynyň Çyrakçy etrabynyň Mirzatuk obasynda 5 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Ministrlige degişli halas ediş toparlaryň sil apatynyň erbet täsir ýetiren sebitlerinde halas ediş işlerini dowam etdirýändigi mälim edildi.

Şu hepdäniň başynda hem Kaşkaderýa welaýatynyň Kitab etrabynda bolan sil apaty sebäpli ýollara we 200-e golaý öýe zeper ýetdi.


Etiketkalar: sil apaty , Özbegistan

Degişli Habarlar