Azerbaýjanda POLONEZ we LORA uzak menzilli raketalary üçin täze kazarma açyldy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew POLONEZ we LORA uzak menzilli raketalary üçin gurlan täze kazarmanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Azerbaýjanda POLONEZ we LORA uzak menzilli raketalary üçin  täze kazarma açyldy

Mesele hakynda berlen beýanatda paýtagt Bakuwyň golaýynda gurlan kazarmanyň açylyş dabarasyna Prezident Aliýew bilen birlikde Goranmak ministri Zakir Hasanow we Baş ştabyň başlygy Nejmettin Sadykow hem gatnaşdy.

Prezident Aliýew 36 gekdarlyk meýdanda gurlan täze kazarma hakynda ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Kazarmada Belarusda öndürlen POLONEZ we Ysraýylda öndürlen LORA uzak menzilli raketa ulgamlary hem bar.

300 kilometr menzile eýe bolan POLONEZ raketa ulgamynda her biri 780 kilogram agyrlygynda bolan 8 raketa bar.

Raketalaryň tizligi sekuntda 310 metre barabar

Her biri 1580 kilogram agyrlygynda bolan LORA raketa ulgamlarynda bolsa 4 raketa bar.

LORA raketalarynyň tizligi bolsa sekuntda 300 metre barabar

 



Degişli Habarlar