Gyrgyz, özbek we täjik liderleri Astananyň paýtagt hökmünde yglan edilmeginiň 20 ýyllygyny gutlady

Gyrgyz, özbek we täjik liderleri Astananyň paýtagt hökmünde yglan edilmeginiň 20 ýyllygyny gutlamak bilen Gazagystana bardy

Gyrgyz, özbek we täjik liderleri Astananyň paýtagt hökmünde yglan edilmeginiň 20 ýyllygyny gutlady

 

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen Täjigistanyň Prezidenti Imomali Rahman Astananyň paýtagt hökmünde yglan edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Gazagystana bardy.

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew kärdeşleri Jeenbekow, Mirziýoýew we Rahman bilen EXPO Kongres merkezinde düýn açylan Halkara Astana finans merkeziniň tanyşdyrylyş maslahatyna gatnaşdy.

Gazak lideri Nazarbaýew soň bolsa Garaşsyzlyk köşgünde myhmanlaryna Astananyň 20 ýyllygy mynasibetli nahar berdi.

Nazarbaýew naharda eden çykyşynda Gazagystanyň geosyýasy merkezi bolan Astananyň täze syýasat, ykdysadyýet we sosial galkynyş modeliniň döredilmeginde esasy rol oýnandygyna ünsi çekdi we Astananyň dünýäniň parahatçylyk we öwrülşik merkezine öwrülendigini belledi.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew nahardan soň myhmanlary bilen Gazak ýeli meýdanynda Astananyň paýtagt hökmünde yglan edilmeginiň 20 ýyllygy mynasibetli geçirlen medeni çärä gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar