Özbegistan bilen Täjigistan 20 ýyl ozal serhetlerine goýlan minalary saplaýar

Mina saplaýyş işleri Täjigistanyň Panžikent we Özbegistanyň Samarkand şäherleriniň arasynda geçirilýär

Özbegistan bilen Täjigistan 20 ýyl ozal serhetlerine goýlan minalary saplaýar

Täjigistanyň Serhetleri goramak bileleşiginiň metbugat geňeşçisi Muhammed Ulughojaýew metbugata beren beýanatynda Özbegistanyň Täjigistan bilen serhetde mina saplaýyş işlerine başlandygyny mälim etdi.

Beýanatda bilelikdäki iş toparynyň mina saplaýyş işleriniň Täjigistanyň Panžikent we Özbegistanyň Samarkand şäherleriniň arasynda geçirilýändigi nygtaldy.

Mina saplaýyş işleriniň başlamagynyň ähmiýetini nygtan Ulughojaýew mina saplaýyş işleriniň 2019-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Täjigistanyň Prezidenti İmomali Rahman mart aýynda serhediň minadan saplanmagy barada şertnama baglaşypdy.

 



Degişli Habarlar