Özbegistanyň Prezidenti Fransiýada saparda bolýar

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewiň Fransiýa guran saparynyň çäginde iki ýurdyň arasynda 10 ylalaşyk baglaşyldy we 5 milliard ýewrolyk maýa goýum şertnamasyna gol çekildi

Özbegistanyň Prezidenti Fransiýada saparda bolýar

Prezident Diwanynyň Metbugat ofisi tarapyndan berilen beýanata görä, Prezident Mirziýoýew, wezipä saýlanmagyndan soň Ýewropa guran ilkinji syýahadynyň çäginde Fransiýada saparda bolandygy habar berildi.

Mirziýoýew, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we fransuz işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi.

Mirziýoýew, Makron bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, Owganystandaky ýagdaýy we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşiklerden soň iki ýurdyň arasynda logistika, syýahatçylyk, harby, tehniki kömek, parahatçylykly maksatlar bilen älem derňewleri, maýa goýum, medeniýet we beýleki ugurlary öz içine alýan 10 şertnama gol çekildi.

Iki ýurdyň Daşary işler ministrleriniň arasynda 2019-2020-nji ýyllary öz içine aljak hyzmatdaşlyk programmasy bilen daşky gurşaw we medemiýet ministleriniň arasynda hyzmatdaşlyk protokollaryna gol çekildi.

Mirziýoýewiň saparynyň öňüsyrasynda geçirilen işewürler forumynda Özbegistan bilen Fransiýanyň kärhanalarynyň arasynda 5 milliard ýewrolyk iş we maýa goýum taslamalary bilen baglanşykly şertnamalara gol çekildi.

Saparynyň çäginde Fransiýadaky işewür adamlar bilen duşuşan Mirziýoýew, fransuz kärhanalaryny maýa goýmak üçin ýurduna çagyrdy.



Degişli Habarlar