Daşary işler ministri Çawuşogly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi

Çawuşogly türk firmalaryna berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sag bolsun aýtdy

Daşary işler ministri Çawuşogly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi

 

Resmi sapar bilen Türkmenistana baran Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, türk firmalaryna berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sag bolsun aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly paýtagt Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Daşary işler ministri Çawuşogly kabul edilşikden soň beren beýanatynda türk firmalaryna berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sag bolsun aýdandygyny belledi.

Prezident Berdimuhamedowyň türk firmalaryna goldaw bermäge dowam etjekdigi hakyndaky sözlerine ünsi çeken Çawuşogly, daşary işler ministrleri hökmünde gepleşiklere dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 3 ýyl soň Aşgabatda saparda bolmakdan hoşaldygyny aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar