Gyrgyz Respublikasynyň ozalky premýer ministri döwlete 111 million dollar zyýan ýetirdi

Sapar Isakow paýtagt Bişkekdäki Ýyladyş edarasynyň abatlaýyş taslamasynda döwlete 111 million dollar zyýan ýetirmekde günäkärlendi

Gyrgyz Respublikasynyň ozalky premýer ministri döwlete 111 million dollar zyýan ýetirdi

 

Gyrgyz Respublikasynda 7 aýdan bäri tussaglykda saklanýan ozalky premýer ministr Sapar Isakow paýtagt Bişkekdäki Ýyladyş edarasynyň abatlaýyş taslamasynda döwlete 111 million dollar zyýan ýetirmekde günäkärlendi

Milli howpsyzlyk komitetiniň metbugat merkezinden berilen beýannamada Bişkegiň Merkezi ýyladyş edarasynyň abatlaýyş işlerinde galplyk edendigi barada aýyplawnama taýarlandygy mälim edildi.

Aýyplawnamada Isakowa tabynlykdaky käbir resmileriň we raýatlaryň döwlete 111 million 252 müň 797 Amerikan dollary zyýan ýetirendiginiň anyklanandygy beýan edilýär.

 



Degişli Habarlar