Kiprli liderler 26-njy fewralda duşuşar

Mustafa Akynjy bilen Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis 26-njy fewralda duşuşar

Kiprli liderler 26-njy fewralda duşuşar

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis 26-njy fewralda duşuşar.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, liderler BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili we Kiprde iş alyp barýan BMG-nyň Parahatçylyk güýjüniň ýolbaşçygy Elizabet Speharyň ýolbaşçylygynda ara zolakda ýerli wagt bilen sagat 10.30-da duşuşar.

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň wezipä başlamagyndan soň BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espen Eideniň töwellaçylygynda 2015-nji ýylyň maý aýynda başladylan gepleşikleriň çäginde 2017-nji ýylyň iýul aýynda Şweýsariýanyň Kran-Montana şäherinde geçirlen Kipr konferensiýasyndan netije alnyp bilinmedi.

Kiprli liderler soňky geezek 2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Speharyň ýolbaşçylygynda ara zolakda duşuşypdy.

 


Etiketkalar: duşuşyk , ara zolak , DKTR

Degişli Habarlar