Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Mertlerçe aýdyň, degişli çäräni görüň!” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Germaniýadan Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna garşy durulýandygy barada berilen beýannama barada; “Türkiýäniň ÝB bilen bolan gatnaşygynam görübilmeýän bolsaňyz, ony çykyň mertlerçe aýdyň we degişli çäräni görüň” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Germaniýanyň saýlawlarda Türkiýä garşydaş bolmagy esasy tema hökmünde saýlap almagynyň özüni biynjalyk edýändigini aýdan Erdoganyň; “Gije-gündiz Türkiýe bilen partiýam we men bilen ýaty-turýan syýasat usuly ÝB-ne agza ýurtlaryna bähbit getirmez. Bu saýlaw Türkiýedemi, Germaniýadamy geçirilýär? İşiňiz bilen boluň. Kim üstün çyksa çyksyn, bizi gyzyklandyrmaýar” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bolgariýa bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow we Energetika ministri Temenužka Petkowa bilen duşuşandygyny ýazýar. Habarda duşuşyklarda iki ýurduň arasynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyklar barada pikir alyşylandygy, ministrleriň özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk edendigi, ministrleriň tebigy gaz we elektrik energiýasy boýunça ýokary potensialdan peýdalanmak barada ylalaşandyklary mälim edilýär.

“Star” gazeti “Daşary ýurtlardaky raýatlar ykdysadyýete 33 milliard dollar goşant goşdy” söz başyly habarynda, her ýyl baýramçylyk dynç alyşy mynasybetli Türkiýä gelýän daşary ýurtlardaky türkleriň edýän harajatlarynyň uly mukdara barabardygyny mälim edýär. Gazet Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler 2012-nji ýyldan üstümizdäki ýylyň iýul aýyna çenli geçen 5,5 ýylda 30,5 million gezek Türkiýä gelip gitdi. Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler degişli döwürde Türkiýede 33,2 milliard dollara barabar harç etdi.

“Haber Türk” gazeti “Mugallymlaryň mugallymyny ýitirdik” söz başyly habarynda, türk sosiologiýasynyň esasy wekillerinden biri bolan Professor Şerif Mardiniň Stambulda bejergi alýan hassahanasynda wepat bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Dursun dünýä çempiony” söz başyly habarynda, Gresiýanyň paýtagty Afyny şäherinde geçirilýän bäsleşikde Bütindünýä ýyldyzlar grek-rim göreşi boýunça 85 kg.agyrlykda rus garşydaşy Muhammet Ewlowi 5,3 hasabynda ýeňen Muhammet Furkan Dursunyň dünýä çempiony bolandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar