Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan Siriýanyň demirgazygynda döwlet gurmak isleýänler maksadyna ýetip bilmez” söz başyly habarynda Prezdent R. T. Erdoganyň Prezidentiň kompleksinde Arçynlar bilen geçirlen 43-nji maslahatda eden çykyşynda Siriýanyň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçendigini ýazýar.

Prezident Erdogan  çykyşynda “Siriýada terror koridoryny açmak we döwlet gurmak isleýänler asla maksadyna ýetip bilmez” diýdi.

“Sabah” gazeti “Erdogan Merkel bilen duşuşar” söz başyly habarynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Prezident R. T. Erdoganyň Germaniýada hökümet gurlandan soň Federal Kansler Angela Merkel bilen duşuşmak isleýändigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Antalýada nemes žurnalistlere beýanat beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Prezident Erdoganyň Federal Kansler Merkeli Türkiýä çagyrjakdygyny ýada Erdoganyň Germaniýa gitjekdigini nygtady.

“Star” gazeti “ÝB Türkiýe bilen gatnaşyklaryny ösdürmeli” söz başyly habarynda Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisowyň  Bolgariýanyň ÝB Geňeşiniň 6 aýlyk döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin tagalla etjekdikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Bolgariýanyň Premýer ministri “ÝB Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin tagalla etmeli” diýdi.

Borisow ÝB-ne agza bolmak isleýän Türkiýäniň NATO agza güýçli ýurtdygyna we Ýakyn Gündogarda bosgun akymynyň gönükdirilmeginde esasy rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.

“Hürriýet” gazeti “Gurluşygyň 88 göterimi tamamlandy, ýolagçylyk 9 sagatdan 3,5 sagada çenli azalar” söz başyly habarynda Stambul bilen İzmiriň arasyndaky ýolagçylygy 9 sagatdan 3,5 sagada çenli azaltjak Gebze-Orhangazi-İzmir awto ulag ýolunyň gurluşygynyň 88 göteriminiň tamamlanandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak”  gazeti “Uşakda täze möjek tapyldy” söz başyly habarynda Uşak welaýatynda ylmy barlag geçiren oba hojalyk inženeri Erdal Zenginiň täze möjek görnüşini tapandygyny habar berýär.

Erdal Zengin “Torýmidae” familiýasyndan sary reňkli 1,88 mm ululygyndaky gyzyl gözlü möjege “Megastigmus uşakensis” adyny dakdy.


Etiketkalar: Merkel , Sabah , Antalýa , gazet , Haber Türk

Degişli Habarlar