Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan; Pensilwaniýadaky, senem gelersiň” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamyna garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň partiýasynyň Stambulyň Maltepe etrabyndaky 6-njy nobatdaky maslahatyndan ozal sözlän sözünde; “Häzirki wagta çenli 80 sanysyny daşary ýurtlardan alyp geldik. Pensilwaniýadaky senem gelersiň. Näçe sypjyklasaň sypjykla” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Ýyldyrym; İňňän giç galdylar” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Adalat we ösüş partiýasynyň Stambulyň Tuzla etrabyndaky maslahatynda eden çykyşynda ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde Siriýanyň hökümetine garşy geçirilen operasiýa barada: “Günbatar birdenkä siriýaly asuda ilaty ýada saldy. Ganhorlara berilen giç galan jogap” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýassyklaryň aşagyndan 1,335 kilogram altyn çykdy” söz başyly habarynda, Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşegiň: “Altyn wekseline raýatlarymyz ynandy we gyzyklama görkezdi. İkinji talap ýygnaýyş tapfgyrynda 7,100 adam 1,335 kilogram altyny ýassygyň aşagyndan çykaryp, altyn wekseline we altyna esaslanýan kireý şahadatnamasyna goýdy” diýendigine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Stoltenberg hyzmatdaşlary Türkiýä berýän goldawlaryny artdyrmaga çagyrdy” söz başyly habarynda, NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýannamasynda Türkiýäniň NATO üçin gymmatly we strategik ähmiýetli hyzmatdaşdygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet Stoltenbergiň NATO-nyň goldaw üçin Türkiýede güýçli düzümleriniň bardygyna ünsi çekip; “Hyzmatdaşlaryň ählisini Türkiýä berýän goldawlaryny artdyrmaga çagyrýaryn” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “13 müň sayýahatçy Marmarise geldi” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Marmaris etrabyna syýahatçylyk döwrüne ýokary depginde başlandygyny, şu günler 13 müň syýahatçynyň dynç alýan etrabynda plýažlaryň we köçeleriň dolup daşýandygyny, howanyň tempraturasynyň +29 derejä çenli baryp ýetýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: partiýa , Sabah , gazet , Erdogan

Degişli Habarlar