Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Erdoganyň Palestina diplomatiýasy dowam edýär” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Palestinadaky soňky wakalar bilen baglanşykly Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär. Gazet Prezident Erdoganyň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen ABŞ-nyň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi we Gazadaky palestinalylaryň nyşana alynmagyndan soň başdan geçirlen wakalar barada pikir alyşandygyny ýazýar. Habarda Erdogan bilen Merkeliň telefon söhbetdeşliginde şeýle hem özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler barada pikir alyşandygy bellendi. Gazet Prezident Erdoganyň Ruhani bilen ABŞ-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi we ysraýylly esgerleriň Gazada palestinalylary nyşana almagyndan soň sebitde başdan geçirilýän dartgynlyk barada pikir alyşandygyny beýan edýär. Gazet Erdoganyň Palestinadaky wakalar bilen baglanşykly soň bolsa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen maslahatlaşandygyna ünsi çekýär.

Star gazedi: “Türkiýe bilen ABŞ-niň arasyndaky möhüm duşuşygyň senenamasy belli boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler Mewlüt Çawuşoglynyň ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen 4-nji iýunda ABŞ-de duşuşjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Pompeo bilen Çawuşoglynyň ABŞ-niň paýtagty Waşingtonda gepleşikler geçirjekdigini beýan edýär. Habarda Çawuşoglynyň Pompeo bilen geçirjek duşuşygynda Siriýadaky we Orta Gündogardaky wakalary, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, terror guramalary PKK we FETÖ garşy göreş ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygy ýazylýar.

Watan gazedi: “Akar möhüm duşuşyklar geçirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akaryň Gresiýanyň we ABŞ-niň Baş ştablarynyň başlyklary bilen duşuşandygyny habar berýär. Gazet NATO-nyň harby komitetine agza ýurtlaryň  Baş ştablarynyň başlyklarynyň 179-njy maslahaty Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilendigini, Türkiýäniň adyndan maslahata Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akaryň gatnaşandygyny belleýär. Habarda Akaryň Gresiýanyň Baş ştabynyň başlygy bilen duşuşyk geçirendigi, duşuşykda Egeý deňizindäki dartgynlygy ele alandygy nygtalýar. Gazet Hulusi Akaryň amerikaly kärdeşi Jozef Danford bilen geçiren duşuşygynda bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Siriaýdaky we Orta Gündogardaky wakalary ele alandygyna ünsi çekýär.

Hürriýet gazedi: “Şimşekden ykdysadyýet bilen baglanşykly möhüm tweet” söz başyly habarynda, Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşegiň Twitterden beren beýanatynda syýasy toryň saýlawdan soň kadalaşmaga başlajakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

Ýeni Şafak gazedi bolsa: “Akdag Ysraýyl we Müsür ýaralanan adamlary daşajak uçara rugsat bermedi” söz başyly habarynda, Wise-premýer Rejep Akdagyň DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy we Premýer ministr Tufan Erhürman tarapyndan aýry-aýry kabul edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Rejep Akdagyň beren beýanatynda: “Palestinadaky ýaralanan adamlaryň Türkiýä getirilmegi üçin Ysraýyla ýa-da Müsüre uçar ibermeli. Ýurtlaryň ikisi hem häzirki wagta çenli bize rugsat bermedi” diýendigini belleýär.



Degişli Habarlar