Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “NATO-da täze Türkiýe maslahaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Brýusselde geçirilen NATO-nyň maslahatynda ünsleri özünde jemländigini ýazýar. Gazet taryhy maslahatyň jemleýji jarnamasynda boşla Türkiýe bilen terrorçylyga garşy göreşde halkara arkalaşygyň ediljekdigine üns çekilendigini beýan edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “NATO-nyň maslahatynyň çürt-kesik ýüzlenmesi:Goşulyşmaň” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Brýusselde NATO-nyň maslahatynyň çäginde günbatarly liderlere aç-açan ýüzlenme berendigini ýazýar. Gazet Türkiýäniň Russiýadan S-400 goranyş ulgamyny almagy sebäpli “Türkiýe NATO-dan çetleşýar” görnüşli tankydy bellikler barada garaýyşlaryny beýan eden Çawuşoglynyň; “Türkiýe NATO-dan daşlaşanok. Eger NATO-daky hyzmatdaşlarymyz şol işlegimizi kanagatlandyran bolsady, biz olardan almakçydyk. Geljek ýylyň ahyrynda Russiýadan ilkinji batareýalar geler. Netijede indi oňa goşulyşmagyň hajaty ýok” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Nasist gelin ömür baky azatlykdan mahrum edildi” söz başyly habarynda, Germaniýada 2000-2007-nji ýyllaryň aralygynda 8 sany türk bilen 1 gregi we bir nemes polis gullukçysyny öldüren NSU guramasynyň ýaşaýan ýeke-täk agzasy Beate Zjhapeniň ömür boýy azatlykdan mahrum edilendigini, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň bolsa NSU-dan peýdalanan esasy adamlaryň we guramalaryň jenaýat jogapkärçiligine hem çekilmändigini beýan edendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Zeýtun ýagy önümçiliginde birinjilik Türkiýe” söz başyly habarynda, global zeýtun ýagy önümçiliginiň 2016-2017-nji ýyllarda aşaklandygyny, Türkiýäniň bolsa önümçilik mukdary taýdan iň uly ösüşi eden ýurt hökmünde öňe saýlanandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Nik Kaw Stambulda konsert berdi” söz başyly habarynda, awstraliýaly rokçy, ýazyjy we şahyr Nik Kawyň 17 ýyl soň ýaňadandan Stambulda muşdaklary bilen duşuşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: gazet , Mewlüt Çawuşogly , NATO

Degişli Habarlar