Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Habar Türk” gazeti “Kurtulmuş; “PÝD-ni legal gurama hökmünde ykrar etmäge girişmek iki ýüzlülükdir”diýdi” söz başyly habarynda Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Numan Kurtulmuş, ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar edip onuň Siriýadaky bölegi ÝPG/PÝD-ni legal gurama hökmünde ykrar etmäge girişmeginiň iki ýüzlülikdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

ABŞ-nyň PKK-nyň ýolbaşçylary hakynda maglumat bereni sylaglandyrmak tutumyna onyň garaýandyklaryny nygtan Kurtulmuş, emma munyň gijä galynan hereketdigini belledi.

“Sabah” gazeti “Türk ýaragly güýçleri bilen ABŞ Manbijde ikinji bilelikdäki gözegçilik işlerine başlady” söz başyly habarynda Türk ýaragly güýçleri bilen ABŞ-nyň ýaragly güýçleri Manbij iş meýilnamasynyň çäginde düýn etrapda ikinji bilelikdäki gözegçilik işlerine başlandygyny habar berýär.

Türk we amerikan esgerleri Manbij front liniýasy bilen Ýefrat galkany operasiýasynyň çägindäki Jarablus etrabyny biri-birinden aýyrýan Saju Çaýynyň golaýynda bilelikdäki gözegçilik işlerini geçirdi.

Iki ýurduň ýaragly güýçleri 1-nji noýabrda ilkinji bilelikdäki gözegçilik işlerine başlapdy.

“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menzilinden Azerbaýjana ilkinji sapar” söz başyly habarynda Stambul howa menzilinden 31-nji oktýabrdan başlap tarifli uçar saparlaryna başlan Türk Howa Ýollary Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa ilkinji uçar saparyny gurady. 121 ýolagçy ilkinji uçar sapar bilen Bakuwa uçdy.

“Watan” gazeti “Türk goranyş senagaty Indoneziýada tanyşdyrylýar” söz başyly habarynda İndoneziýada geçirilýän 8-nji Halkara İndoneziýa goranyş sergisine gatnaşýan türk firmalarynyň  ANKA, Hürkuş, KORKUT we T-129 ATAK dik uçarlary ýaly gury ýer, deňiz, howa we howpsyzlyk ugurlaryny öz içine soňky tehnalogiýa önümleri bilen ünsleri özüne çekýändigini ýazýar.

Indoneziýanyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylygynda paýtagt Jakartada başlan Günorta gündogar Aziýanyň iň uly goranyş sergisi hökmünde bilinýän guramaçylyk 10-njy noýabra çenli dowam eder.

“Star” gazeti “Milli uçarymyz milli dwigateli bilen uçar” söz başyly habarynda Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demiriň Milli uçarymyz milli dwigateli bilen uçar” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar