Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Taýms: Erdogan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK meselesinde mamla” söz başyly habarynda, Britaniýada çap edilýän “Taýms” gazetiniň elektron neşrinde berilen analizde Prezident R.T.Erdogana ÝPG meselesinde hak berýändigini, PKK bilen ÝPG-niň tapawutsyzdygyna üns çekilýän habarda dünýäniň belli kapitalist güýji, NATO-nyň we günbatar hyzmatdaşlygynyň lideri ABŞ-nyň ideologiýasy, modasy geçen Marksizm bilen Murraý Bukçin atly anarhist pelsepeçiniň teoriýalarynyň arasynda gidip-gelýän terror guramasy ÝPG/PKK-ny goldamagynyň düşnüksizdigi beýan edilýär.

“Watan” gazeti “Amerikan wekiliýeti Petriot satuwy üçin gelýär” söz başyly habarynda, üstümizdäki aýyň 15-16-sy aralygynda Amerikan wekiliýetiniň Petriot howa goranyş ulgamlarynyň satuwy bilen bagly gepleşikler üçin Türkiýä geljekdigini mälim edýär. Gazet Amerikan wekiliuetiniň geljek hepde Goranyş senagaty edarasynda gepleşikler geçirjekdigini, Amerikan tarapynyň Petriot ulgamynyň satuwy üçin şertiniň Türkiýäniň Russiýadan S-400 almakdan el çekmegidigini, emma Türkiýäniň ondan el çekmejekdigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Milli maksatnamadan ilkinji habar” söz başyly habarynda, harby platformalar bilen dolandyryş merkezlerinin arasyndaky taktiki maglumatyň howpsyz ýetirilmegi üçin alynyp barylýan işlerde möhüm sepgide ýetilendigine ünsleri çekýär. Gazet maksatnamalaşdyryş tehnologiýalary firmasy “MilSOFT” tarapyndan ýerli we milli taktiki maglumat linkiniň maksatnamasyny düzendigini, NATO-nyň standartlaryn eý ebolan maksatnamanyň Türkiýede öndürilýän radio ulgam, modem we kripto ulgamlar bilen işleşjek harby platformalaryň arasynda milli link arkaly döredilen ulgamyň peýdalanylmagyna şert döretjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Maksat 70 million syýahatçy, 70 milliard dollar girdeji” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Ersoýyň Gollandiýanyň Utrekt şäherinde 49-njysy geçirilen syýahatçylyk sergisine gatnaşandygyny, ministr Ersoýyň türk syýahatçylygynyň 2018-nji ýylda uly ösüş edendigini nygtap, 2019-njy ýylda syýahatçylyk taýdan 18-20 göterim ösüş etmegi meýilleşdirýändiklerini, 70 million syýahatçy we 70 milliard dollar girdeji maksadyna ýetmegi meýilleşdirýändiklerini aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar