Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Täze AKM-niň düýbi tutuldy” söz başyly habarynda, Taksim meýdançasynda Atatürk Medeniýet merkeziniň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş eden Erdoganyň, şu gün Türkiýäniň sungat we medeniýet ugrunda täze eýýäm başlatjak uly bir göçüm edendiklerini aýdandygy habar berilýär. Gazet Erdoganyň Atatürk Medeniýet merkeziniň 95 müň 600 ind metrlik üsti ýapyk ýere eýe, 5 aýry bölümden ybarat boljakdygyny belläp: “Stambul Atatürk Medeniýet merkezini 2 ýyl ýaly gysga wagtyň içinde gurup tamamlap, sungat işgärlerimiziň we muşdaklarymyzyň hyzmatyna bereris” diýendigi nygtaldy. Habarda Prezident Erdoganyň Stambul Atatürk Medeniýet merkeziniň milletiň gymmatlyklary, ynanjy, adamlarymyzyň taryhy we medeniýeti bilen gowgaly, ýakobinler düşünjesine garşy dikiljek bir ýeňiş ýadygärliginiň boljakdygyny aýdandygy ýazylýar. Gazet Erdoganyň: “Düýbüni tutýan binamyz , diňe bir medeniýet merkezi däldir. Bu eser şol bir wagtda soňky 5 ýylda milli ygtyýara kast eden, watanyň, milletiň duşmanlaryna garşy beriljek iň gowy jogap bolar” diýendigi nygtalýar.

Watan gazedi: “Türkiýeden we Russiýadan ägirt uly hyzmatdaşlyk! Stambul we Antalýa bolup biler” söz başyly habarynda, Türk-rus uniwersitediniň jikme-jikliginiň belli bolmaga başlandygyny mälim edýär. Gazet Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aprel aýynda guramagy meýilleşdirýän Russiýa saparynda Russiýanyň Döwlet Baştutany Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygynda Türk-rus uniwersitedi meselesiniň gün tertibe getirmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Hürriýet Gazedi: “Stambul howa menzillerinde 7 million 968 müň 882 ýolagçy myhman alyndy” söz başyly habarynda, mega şäherdäki howa menzillerinden ýanwar aýynda gelen we giden jemi ýolagçy sany bilen amala aşyrylan uçar saparlary, geçen ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende artandygy beýan edilýär. Habarda Atatürk howa menzilinden 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda içerki terminaldan 1 million 400 müň 790 ýolagçy, daşary ýurt terminalyndan 3 million 718 müň 23 bolmak bilen jemi 5 million 118 müň 813 ýolagçynyň hyzmat alandygy bellenýär. Gazet Sabiha Gökçen halkara howa menzilinde bolsa geçen aý ýolagçylaryň 1 million 783 müň 145-i içerki terminaldan, 874 müň 701-i bolsa daşary ýurt saparlarynyň guralýan terminalyndan syýahat edendigini nygtaýar. Ilkinji bölegi geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda dabara bilen açylan Stambul howa menzilinde bolsa ýylyň ilkinji aýynda içerki gatnawlarda 59 müň 935 adam, daşary ýurt gatnawlaryndan bolsa 32 müň 288 ýolagçy peýdalandy. Şeýlelik bilen şäherdäki 3 howa menzilinde şu ýylyň ýanwar aýynda myhman edilen ýolagçy sany 7 million 968 müň 882 hökmünde kesgitlendi.

Star gazedi: “Guradylan miwe eksporty 1 milliard 388 million dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Guradylan miwe eksportynyň 2018-nji ýylda 8,5 göterimlik artyş bilen 1 milliard 279 million dollardan, 1 milliard 388 million dollara ýokarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Germaniýa 178 million dollar bilen iň köp guradylan miwe eksport edilen ýurt bolandygyny, sanawyň 2-nji ornunda bolsa 164 million dollarlyk eksport bilen Britaniýanyň bolandygyny aýan edýär. Italiýa bolsa 102 million dollarlyk guradylan miwe eksport edilip, sanawyň 3-nji ornunda öz ýerini aldy. Guradylan miwe eksport edilen ýurtlaryň sany 143-e ýetdi.
Ýeni Şafak gazedi: “Gülçileriň 2019-njy ýyldaky maksady: 85 ýurda eksport etmek” söz başyly habarynda, geçen ýyl 100 million dollarlyk gül eksport eden Türk gülçülik pudagynyň, bu ýyl eksprtlaryny 85 ýurda ýetirip, 125 million dollarlyk eksport etmegi maksat edinýändiklerini habar berýär. Pudagyň resmilerinden Ismail Ýylmaz iň uly bazarlarynyň Gollandiýa we Britaniýandygyny belläp, soňky ýyllarda Özbegistan bazarynda hem uly ösüşleriň bardygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar