Karlowyň ady ilçihananyň ýerleşýän köçesine dakyldy

Rus ilçisi Andreý Karlowyň ady ýaragly hüjümiň guralan ýeri bolan Çankaýa etrap häkimligine degişli Döwrebap sungatlar merkezindäki sergi zalyna hem dakylypdy

karlov
Karlowyň ady ilçihananyň ýerleşýän köçesine dakyldy
Karlowyň ady ilçihananyň ýerleşýän köçesine dakyldy

Karlowyň ady ilçihananyň ýerleşýän köçesine dakyldy

 

19-njy dekabrda guralan ýaragly hüjümde ýogalan Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreý Karlowyň ady ilçihananyň ýerleşýän köçesine dakyldy.

Ankaranyň şäher häkimligi tarapyndan mesele hakynda berlen beýanata görä, Aşagy Aýranjy etrapçasyndaky Karýagdy köçesiniň ady şäher häkimligi mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda Andreý Karlow hökmünde üýtgedildi.

Rus ilçisi Andreý Karlowyň ady ýaragly hüjümiň guralan ýeri bolan Çankaýa etrap häkimligine degişli Döwrebap sungatlar merkezindäki sergi zalyna hem dakylypdy.


Etiketkalar: rus , ilçi , dakylmak , at , köçe , Andreý Karlow

Degişli Habarlar