Konstitutsiýanyň tekstine üýtgetme girizilmegi baradaky teklibiň ikinji maddasy sese goýuldy

Sese goýulşykda 343 halk deputaty “kabul”, 133 halk deputaty bolsa “garşy” ses berdi

Konstitutsiýanyň tekstine üýtgetme girizilmegi baradaky teklibiň ikinji maddasy sese goýuldy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda konstitutsiýanyň tekstine üýtgetme girizilmegi baradaky teklibiň ikinji maddasy sese goýuldy.

Baş Assambleýada geçirlen sese goýulşyga 480 halk deputaty gatnaşdy.

Sese goýulşykda 343 halk deputaty “kabul”, 133 halk deputaty bolsa “garşy” ses berdi.

1 halk deputaty ses bermekden saklandy. 3 halk deputatynyň beren sesi hem kadalara bap gelmeýändigi sebäpli hasaba alynmady.

Teklibiň ikinji maddasy halk deputatlarynyň sanynyň 550-den 600-e çykarylmagyny göz öňünde tutýar.

TBMM şu gün sagat 14.00-de ýaňadandan jemlenşer.

 



Degişli Habarlar