Izmirde guralan hüjümiň jogapkäri belli boldy

Wakada 2 adam ýogaldy

Izmirde guralan hüjümiň jogapkäri belli boldy

Izmirde geçen hepde guralan hyýanatçylykly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy PKK-nyň şahasy bolan TAK öz üstüne aldy.

Wakada polisiýa gullugynyň 1 işgäri bilen kazyýetde işleýän 1 adam ýogaldy.

Polisiýa gullugynyň işgäri Fethi Sekiniň şehit bolmazyndan ozal terroristleriň ulagynyň bomba ýüklenendigini bilip, çäre görmegi bilen uly pajyganyň öňi alyndy.

Hüjümden soň beýanat beren Adalat ministri Bekir Bozdag hüjümiň terror guramasy PKK tarapyndan guralan bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.



Degişli Habarlar