Ysraýyl bilen täze döwür başlaýar

Çawuşoglynyň Ysraýyla iş saparyny guramasy üçin taýarlyk görülýär

Ysraýyl bilen täze döwür başlaýar

Türkiýäniň gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin öňe süren üç şertini ýerine ýetiren Ysraýyl bilen täze döwür başlaýar.

Ysraýyl tarapyndan gabaw astyna alynan we embargo astyndaky Gaza ynsanperwer kömegini alyp barýan Mawi Marmara gämisine 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda halkara suw giňişliginde ysraýyl güýçleri tarapyndan guralan we 10 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm sebäpli Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşypdy.

6 ýyl dowam eden krizisden soň Ysraýylyň ötünç soramagy, Gaza goýlan gabawyň gowşamagy we jerime tölemegi sebäpli iki ýurt ilçi belläpdi.

Gatnaşyklaryň kadalalmaga başlamagyndan soň iki ýurduň arasynda resmi saparlar başlaýar.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Ysraýyla iş saparyny guramasy üçin taýarlyk görülýär.

Medeniýet, syýahatçylyk, söwda we sport taýdan edilýän gatnaşyklaryň dowam edýändigini mälim eden Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary söwda mukdarynyň 2,5 milliard dollardan 5 milliard dollara çenli baryp ýetendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar